Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 11:12 - Mukaddes Kitap

12 Rebbiň guly Musanyň buýruşy ýaly, Ýeşuwa bu galalaryň hemmesini basyp alyp, onuň hanlarynyň ählisini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Реббиң гулы Мусаның буйрушы ялы, Ешува бу галаларың хеммесини басып алып, онуң ханларының әхлисини гылычдан гечирип, бүтинлей ёк этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 11:12
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň.


Bu gün muny bilip goýuň: ýakyp ýok edýän ot kimin Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Rebbiň Özi olary gyryp, size boýun egdirer. Şonda Rebbiň söz berşi ýaly, siz olary kowup çykaryp, derrew ýok edersiňiz.


Ýeşuwa we ysraýyllar olaryň iň soňkusyna çenli diýen ýaly ýok etdiler. Olaryň diri galanlarynyň birnäçesi gaçyp, berk galalara girip ýetişdiler.


Şol günüň özünde Ýeşuwa Makedany basyp aldy. Onuň ilatyny we hanyny gylyçdan geçirdi. Ol ýerde ýekeje-de diri adam goýman, hemmesini bütinleý ýok etdi. Ýeşuwa Makedanyň hanyny hem edil Ýerihonyň hanyny näme eden bolsa şonuň ýaly etdi.


Reb bu galany hem onuň hany bilen bile ysraýyllaryň eline berdi, olar onuň ähli ilatyny gyrgyna berdiler, ol ýerde ýekeje-de janly zat galdyrmadylar. Ýerihonyň hanyny näme eden bolsalar, onuň hanyny hem şeýle etdiler.


Söweşiň ikinji gününde Reb Lakyşy ysraýyllaryň eline berdi. Edil Libnadaky edişleri ýaly, ysraýyllar onuň içindäki adamlaryň ählisini gylyçdan geçirdiler.


Ýeşuwa şol günüň özünde ony basyp aldy, onuň ähli ilatyny edil Lakyşdaky edişi ýaly, şol gün gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.


Olar galany basyp alyp, ony we onuň hanyny, obalaryny hem ondaky ähli adamlary gylyçdan geçirdiler. Edil Eglondaky ýaly edip, olar galanyň içinde ýekeje-de diri adam galdyrman, bütinleý ýok etdiler.


Ysraýyllar Ýeşuwanyň otlan Hasor galasyndan başga, depelerde gurlan galalaryň hijisini otlamadylar.


Edil Rebbiň Öz guly Musa buýruşy ýaly, Musa-da Ýeşuwa edil şonuň ýaly buýrupdy. Ýeşuwa buýrugy ýerine ýetirdi. Ol Rebbiň Musa beren buýruklarynyň ýekejesini-de galdyrman, ählisini berjaý etdi.


Liwandan Misrepot Maýyma çenli ähli daglyklar we olaryň ähli ilaty, hatda sidonlylaryň ählisi hem degişlidir. Olary ysraýyllaryň öňünden Meniň Özüm kowup çykararyn. Ýöne sen bu ýerleriň hemmesini Meniň buýruşym ýaly, bije atyp, ysraýyllaryň dokuz tiresine we günbatardaky manaşa tiresine mülk edip paýlap ber».


Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi.


Rebbiň guly Musanyň ysraýyllara buýruşy we onuň Kanun kitabynda ýazylyşy ýaly, gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan guruldy. Onuň üstünde Rebbe ýakma hem-de salamatlyk gurbanlyklaryny berdiler.


Galany eýeläniňizde, Rebbiň buýruşy ýaly, ony otlaň. Hut meniň tabşyryşym ýaly ediň!»


Olar Ýeşuwa: «Hudaýyňyz Rebbiň ähli ýurtlary siziň eliňize bermegi we olaryň ýaşaýjylaryny gyrmagy Öz guly Musa buýrandygyny bize aýtdylar. Siz sebäpli biz öz janymyzyň howp astyndadygyny bildik we şonuň üçin hem şeýle etdik.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ