Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Gibgonlylar Gilgaldaky düşelgesinde bolan Ýeşuwa: «Öz gullaryňdan el çekme, tizräk gel-de, bizi halas et. Bize kömek et, sebäbi daglykda ýaşaýan ähli amor hanlary biziň garşymyza güýç birikdiripdirler» diýip habar iberdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Гибгонлылар Гилгалдакы дүшелгесинде болан Ешува: «Өз гулларыңдан эл чекме, тизрәк гел-де, бизи халас эт. Бизе көмек эт, себәби даглыкда яшаян әхли амор ханлары бизиң гаршымыза гүйч бирикдирипдирлер» дийип хабар ибердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:6
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýal eşegi gaňňalap, hyzmatkärine: «Ýör, gaty sür, özüm aýdýançam eşegi haýallatma» diýdi.


Şonda gülküden doludy biziň agzymyz, şatlyk şowhunyndan – biziň dilimiz. Şonda milletler arasynda şeýle diýildi: «Reb olara beýik işleri etdi».


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.


Şol günlerde Merýem ýol şaýyny tutup, gyssanmaç Ýahudyýanyň daglyk ülkesindäki bir şähere gitdi.


Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim.


Soňra amorlaryň bäş sany hany: Iýerusalimiň hany, Hebronyň hany, Ýarmudyň hany, Lakyşyň hany we Eglonyň hany özleriniň ähli goşun toparlary bilen bilelikde bir ýere ýygnanyşdylar. Olar Gibgonyň daşyny gabap, olaryň üstüne çozdular.


Şeýlelikde, Ýeşuwa özüniň ähli goşuny, edermen urşujylary bilen bile Gilgaldan çykyp ugrady.


Ysraýyllar olara Kirýatarbany (Arba Anagyň kakasydy) beripdirler. Bu Ýahuda daglygyndaky Hebron galasy bolupdyr, onuň daş-töweregini öri meýdan tutýar.


Aýyň on dördi güni agşam ysraýyllar Ýeriho düzlügindäki Gilgalda düşlänlerinde Pesah baýramyny bellediler.


Ýeşuwa olar bilen ylalaşyk baglaşdy we olary diri galdyrjakdygyna söz berdi, jemagat baştutanlary hem ony tassyklap kasam etdiler.


Olar Gilgaldaky Ýeşuwanyň düşelgesine gelip, oňa we ysraýyllara: «Biz siziň bilen ylalaşyk baglaşmak üçin uzak ýurtdan geldik» diýdiler.


Olar Ýeşuwa: «Biz siziň sadyk gullaryňyz» diýdiler. Ýeşuwa olardan: «Siz kim we nireden geldiňiz?» diýip sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ