Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:40 - Mukaddes Kitap

40 Şeýdip, Ýeşuwa ähli ýeri: daglyk ýerleri, Negep çölüni, günbatar baýyrlyklary, dag eteklerini we olaryň ähli hanlaryny basyp aldy. Ysraýyl Hudaýy Rebbiň buýruşy ýaly, ol ýekeje-de diri adam galdyrman, ähli janly-jandary gyryp, bütinleý ýok etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

40 Шейдип, Ешува әхли ери: даглык ерлери, Негеп чөлүни, гүнбатар байырлыклары, даг этеклерини ве оларың әхли ханларыны басып алды. Ысрайыл Худайы Реббиң буйрушы ялы, ол екеҗе-де дири адам галдырман, әхли җанлы-җандары гырып, бүтинлей ёк этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:40
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol patyşa bolan dessine Ýarobgamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi.


Olaryň nesilleri gelip, ýurdy eýelediler. Sen ýurduň ilatyny, kenganlary olara boýun egdirdiň. Halanlaryny etsinler diýip ýurduň halklaryny patyşalary bilen birlikde olaryň ellerine berdiň.


Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy – erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela


Barýan ýeriňiziň ýaşaýjylary bilen äht baglaşmakdan ägä boluň, ýogsam ol äht sizi duzaga düşürer.


Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa adyny berdi.


Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň.


Şol bir wagtyň özünde onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ähli galalaryndaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. Ol ýerde ýekeje-de adam galdyrmadyk.


Reb olaryň hanlaryny-da siziň eliňize berer, siz olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaň. Olary ýok edýänçäňiz, hiç kim siziň öňüňizde durup bilmez.


Ýeşuwa şol günüň özünde ony basyp aldy, onuň ähli ilatyny edil Lakyşdaky edişi ýaly, şol gün gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.


Olar galany basyp alyp, ony we onuň hanyny, obalaryny hem ondaky ähli adamlary gylyçdan geçirdiler. Edil Eglondaky ýaly edip, olar galanyň içinde ýekeje-de diri adam galdyrman, bütinleý ýok etdiler.


Galasy bilen bile onuň hanyny we ähli obalaryny basyp aldy, ýekeje-de diri adam goýman, olaryň hemmesini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi. Olar Hebrona, Libna hem olaryň hanlaryna näme eden bolsalar, Debire we onuň hanyna hem şeýle etdiler.


Şeýdip, Ýeşuwa şu ähli ýerleri: daglyklary, tutuş Negep çölüni, Goşeniň ähli ýerini, günbatar baýyrlyklary, Araba düzlügini we Ysraýyl daglyklaryny baýyrlary bilen,


Daglykda, baýyrlykda, Araba düzlüginde, dag eteklerinde, çöllükde we Negep çölünde ýaşaýan hetleriň, amorlaryň, kenganlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýerlerini ysraýyllara mülk edip berdi.


Ine, bular bolsa benýamin tiresiniň uruglary boýunça alan galalary: Ýeriho, Beýthogla, Emekkesis,


Bütinleý ýok edilmeli zatlardan daşda duruň. Göz gyzdyryp, ol zatlardan ýekejesini alsaňyz-da, siz Ysraýyl düşelgesine weýrançylyk we betbagtçylyk getirersiňiz.


Sen Ýeriho galasy bilen onuň hanyny näme eden bolsaň, Aý galasy bilen onuň hanyny hem şonuň ýaly et. Ýöne ondan olja alan zatlaryňyzy we mal-garalaryňyzy öz araňyzda paýlaşyň. Duýdansyz çozmaga taýýar bolup, bir bölegiňiz galanyň ýeňsesinde bukuda oturyň».


Rebbiň Ýeşuwa buýruşy ýaly, ysraýyllar ol galanyň diňe mal-garasyny we talap alan zatlaryny özlerine olja edip aldylar.


Olar Ýeşuwa: «Hudaýyňyz Rebbiň ähli ýurtlary siziň eliňize bermegi we olaryň ýaşaýjylaryny gyrmagy Öz guly Musa buýrandygyny bize aýtdylar. Siz sebäpli biz öz janymyzyň howp astyndadygyny bildik we şonuň üçin hem şeýle etdik.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ