Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:39 - Mukaddes Kitap

39 Galasy bilen bile onuň hanyny we ähli obalaryny basyp aldy, ýekeje-de diri adam goýman, olaryň hemmesini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi. Olar Hebrona, Libna hem olaryň hanlaryna näme eden bolsalar, Debire we onuň hanyna hem şeýle etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Галасы билен биле онуң ханыны ве әхли обаларыны басып алды, екеҗе-де дири адам гойман, оларың хеммесини гылычдан гечирип, бүтинлей ёк этди. Олар Хеброна, Либна хем оларың ханларына нәме эден болсалар, Дебире ве онуң ханына хем шейле этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:39
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ýehu Ahabyň Ýizregelde ýaşaýan garyndaşlarynyň baryny, onuň ähli baştutanlaryny, ýakyn dostlaryny, ruhanylaryny gyryp, ýekeje adamy hem diri galdyrmady.


Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner. Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz. Ysawyň ilinden gutulany bolmaz. Çünki muny Reb aýtdy.


Şeýlelikde, Hudaýymyz Reb Başan hany Ogy hem-de onuň ähli urşujylaryny biziň elimize berdi. Biz olaryň ýekejesini hem diri galdyrman, hemmesini gyrdyk.


Şol wagt Lakyşa kömek etmek üçin, Gezeriň hany Horam geldi. Ýeşuwa ony hem ähli adamlary bilen birlikde ýekejesini-de diri galdyrman gyrdy.


Olar galany basyp alyp, ony we onuň hanyny, obalaryny hem ondaky ähli adamlary gylyçdan geçirdiler. Edil Eglondaky ýaly edip, olar galanyň içinde ýekeje-de diri adam galdyrman, bütinleý ýok etdiler.


Soňra Ýeşuwa ähli Ysraýyl bilen Debire tarap yzyna öwrülip, oňa çozuş etdi.


Şeýdip, Ýeşuwa ähli ýeri: daglyk ýerleri, Negep çölüni, günbatar baýyrlyklary, dag eteklerini we olaryň ähli hanlaryny basyp aldy. Ysraýyl Hudaýy Rebbiň buýruşy ýaly, ol ýekeje-de diri adam galdyrman, ähli janly-jandary gyryp, bütinleý ýok etdi.


Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.


Indi, bar, amalekleri gyr, olaryň ähli emlägini bütinleý ýok et. Olary diri galdyrma. Aýal-erkeginiň, çaga-çugasynyň, mal-garadyr dowarlarynyň, düýedir eşekleriniň baryny gyr“».


Olar amalek patyşasy Agagy diri ele saldylar, halky bolsa gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ