Olar galany basyp alyp, ony we onuň hanyny, obalaryny hem ondaky ähli adamlary gylyçdan geçirdiler. Edil Eglondaky ýaly edip, olar galanyň içinde ýekeje-de diri adam galdyrman, bütinleý ýok etdiler.
Galasy bilen bile onuň hanyny we ähli obalaryny basyp aldy, ýekeje-de diri adam goýman, olaryň hemmesini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi. Olar Hebrona, Libna hem olaryň hanlaryna näme eden bolsalar, Debire we onuň hanyna hem şeýle etdiler.