Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:37 - Mukaddes Kitap

37 Olar galany basyp alyp, ony we onuň hanyny, obalaryny hem ondaky ähli adamlary gylyçdan geçirdiler. Edil Eglondaky ýaly edip, olar galanyň içinde ýekeje-de diri adam galdyrman, bütinleý ýok etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Олар галаны басып алып, оны ве онуң ханыны, обаларыны хем ондакы әхли адамлары гылычдан гечирдилер. Эдил Эглондакы ялы эдип, олар галаның ичинде екеҗе-де дири адам галдырман, бүтинлей ёк этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:37
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýeşuwa amalekleri we olaryň goşunyny gylyçdan geçirip, gyran-jyran etdi.


Şol günüň özünde Ýeşuwa Makedany basyp aldy. Onuň ilatyny we hanyny gylyçdan geçirdi. Ol ýerde ýekeje-de diri adam goýman, hemmesini bütinleý ýok etdi. Ýeşuwa Makedanyň hanyny hem edil Ýerihonyň hanyny näme eden bolsa şonuň ýaly etdi.


Ýeşuwa şol günüň özünde ony basyp aldy, onuň ähli ilatyny edil Lakyşdaky edişi ýaly, şol gün gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.


Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen Eglondan Hebrona baryp, onuň üstüne çozdular.


Soňra Ýeşuwa ähli Ysraýyl bilen Debire tarap yzyna öwrülip, oňa çozuş etdi.


Galasy bilen bile onuň hanyny we ähli obalaryny basyp aldy, ýekeje-de diri adam goýman, olaryň hemmesini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi. Olar Hebrona, Libna hem olaryň hanlaryna näme eden bolsalar, Debire we onuň hanyna hem şeýle etdiler.


Şeýdip, Ýeşuwa ähli ýeri: daglyk ýerleri, Negep çölüni, günbatar baýyrlyklary, dag eteklerini we olaryň ähli hanlaryny basyp aldy. Ysraýyl Hudaýy Rebbiň buýruşy ýaly, ol ýekeje-de diri adam galdyrman, ähli janly-jandary gyryp, bütinleý ýok etdi.


Rebbiň guly Musanyň buýruşy ýaly, Ýeşuwa bu galalaryň hemmesini basyp alyp, onuň hanlarynyň ählisini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ