Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:30 - Mukaddes Kitap

30 Reb bu galany hem onuň hany bilen bile ysraýyllaryň eline berdi, olar onuň ähli ilatyny gyrgyna berdiler, ol ýerde ýekeje-de janly zat galdyrmadylar. Ýerihonyň hanyny näme eden bolsalar, onuň hanyny hem şeýle etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Реб бу галаны хем онуң ханы билен биле ысрайылларың элине берди, олар онуң әхли илатыны гыргына бердилер, ол ерде екеҗе-де җанлы зат галдырмадылар. Ерихоның ханыны нәме эден болсалар, онуң ханыны хем шейле этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:30
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ýehu Ahabyň Ýizregelde ýaşaýan garyndaşlarynyň baryny, onuň ähli baştutanlaryny, ýakyn dostlaryny, ruhanylaryny gyryp, ýekeje adamy hem diri galdyrmady.


we ýurt Rebbe tabyn bolsa, ondan soň siz yzyňyza dolanyp bilersiňiz. Bu siziň Rebbiň we Ysraýylyň öňündäki borçlaryňyzy ýerine ýetirdigiňiz bolar we bu ülke Rebbiň huzurynda siziň mülküňiz bolar.


Hudaýymyz Reb ony biziň elimize berdi. Biz Sihonyň özüni, onuň tohum-tijini we ähli urşujylaryny gyrdyk.


Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň.


Şol günüň özünde Ýeşuwa Makedany basyp aldy. Onuň ilatyny we hanyny gylyçdan geçirdi. Ol ýerde ýekeje-de diri adam goýman, hemmesini bütinleý ýok etdi. Ýeşuwa Makedanyň hanyny hem edil Ýerihonyň hanyny näme eden bolsa şonuň ýaly etdi.


Soňra Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen Makedadan Libna gelip, onuň üstüne çozuş etdi.


Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen Libnadan Lakyşa geldi, onuň daş-töweregini gabap, onuň üstüne çozdy.


Rebbiň guly Musanyň buýruşy ýaly, Ýeşuwa bu galalaryň hemmesini basyp alyp, onuň hanlarynyň ählisini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.


Ysraýyllar Aý galasynyň ähli ilatyny olaryň özlerini kowalap elten ýerinde gyrdylar. Olaryň iň soňkusy öldürilenden soň, ähli ysraýyllar Aý galasyna tarap öwrüldiler we ol ýerdäkileri gylyç bilen weýran etdiler.


Aý galasynyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçä agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.


Emma golaýda ýaşaýan Gibgonyň ilaty Ýeşuwanyň Ýeriho we Aý galalaryny näme edendigini eşidenlerinde,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ