Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:3 - Mukaddes Kitap

3 Iýerusalimiň hany Adonysedek şonuň üçin Hebronyň hany Hohama, Ýarmudyň hany Pirama, Lakyşyň hany Ýapyýa, Eglonyň hany Debire şeýle habar gönderdi:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Иерусалимиң ханы Адоныседек шонуң үчин Хеброның ханы Хохама, Ярмудың ханы Пирама, Лакышың ханы Япыя, Эглоның ханы Дебире шейле хабар гөндерди:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:3
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sara Kengan ýurdundaky Kirýatarbada, ýagny Hebronda dünýäden ötdi. Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi.


Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, dowarlar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron deresiniň içi bilen ugratdy. Ýusup Şekeme geldi.


Ýahuda patyşasy Hizkiýa Lakyş galasyndaky Aşur patyşasynyň ýanyna habar ýollap: «Hata etdim, meniň ýurdumdan git, talap eden zadyňy bereýin» diýdi. Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýadan bäş ýüz on batman kümüş bilen elli batman altyn talap etdi.


Aşur patyşasy serkerdebaşysyny, köşk emeldaryny we wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Olar Iýerusalime gelip, ýokarky howdanyň arygynyň ýanynda durdular. Bu aryk Çyrpyjy meýdanynyň ýolunda ýerleşýärdi.


Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimiň garşysyna we Ýahudanyň entek ele salynmadyk galalarynyň: Lakyşyň we Azekanyň garşysyna urşup ýördi. Ýahudanyň berk galalaryndan diňe şular galypdy.


Eý, Lakyş halky, ýüwrük aty araba goş. Sen Sion gyzynyň günäsiniň gözbaşysyň, çünki Ysraýylyň ýazygy senden çykdy.


Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamadyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler.


Iýerusalimiň hany Adonysedek Ýeşuwanyň Aý galasyny basyp alyp, ony bütinleý ýok edendigini, onuň hanyny hem edil Ýerihony we onuň hanyny ýok edişi ýaly, gylyçdan geçirendigini eşitdi. Gibgonyň ýaşaýjylarynyň bolsa Ysraýyl bilen ýaraşyk baglaşyp, olaryň arasynda ýaşaýandyklaryny eşidende,


Olar şeýle hem etdiler. Şol bäş hany: Iýerusalim, Hebron, Ýarmut, Lakyş we Eglon hanlaryny gowakdan çykaryp,


Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen Lakyşdan Eglona bardy. Onuň daş-töweregini gabap, onuň üstüne çozdy.


Soňra amorlaryň bäş sany hany: Iýerusalimiň hany, Hebronyň hany, Ýarmudyň hany, Lakyşyň hany we Eglonyň hany özleriniň ähli goşun toparlary bilen bilelikde bir ýere ýygnanyşdylar. Olar Gibgonyň daşyny gabap, olaryň üstüne çozdular.


Hebronyň öňki ady Kirýatarba eken. Arba anaklaryň arasynda iň beýik adam eken. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.


Humta, Kirýatarba (bu Hebron) we Sigor – obalary bilen bile dokuz gala;


Ýahudalar Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykaryp bilmediler. Ýabuslar bu günki gün hem ol ýerde ýahudalar bilen bile ýaşaýarlar.


Sela, Haýelep, Ýabus galasy (bu – Iýerusalim), Gibga we Kirýatýegarym – obalary bilen bile on dört gala. Bu benýamin tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýeridir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ