Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:28 - Mukaddes Kitap

28 Şol günüň özünde Ýeşuwa Makedany basyp aldy. Onuň ilatyny we hanyny gylyçdan geçirdi. Ol ýerde ýekeje-de diri adam goýman, hemmesini bütinleý ýok etdi. Ýeşuwa Makedanyň hanyny hem edil Ýerihonyň hanyny näme eden bolsa şonuň ýaly etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Шол гүнүң өзүнде Ешува Македаны басып алды. Онуң илатыны ве ханыны гылычдан гечирди. Ол ерде екеҗе-де дири адам гойман, хеммесини бүтинлей ёк этди. Ешува Македаның ханыны хем эдил Ерихоның ханыны нәме эден болса шонуң ялы этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:28
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.


Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».


Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir.


Şol bir wagtyň özünde onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ähli galalaryndaky erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. Ol ýerde ýekeje-de adam galdyrmadyk.


Hudaýyňyz Rebbiň eliňize berjek ähli halklaryny ýok edip taşlaň, olara rehim etmäň, olaryň hudaýlaryna sygynmaň, sebäbi bu siziň üçin duzak bolar.


Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň.


Reb bu galany hem onuň hany bilen bile ysraýyllaryň eline berdi, olar onuň ähli ilatyny gyrgyna berdiler, ol ýerde ýekeje-de janly zat galdyrmadylar. Ýerihonyň hanyny näme eden bolsalar, onuň hanyny hem şeýle etdiler.


Söweşiň ikinji gününde Reb Lakyşy ysraýyllaryň eline berdi. Edil Libnadaky edişleri ýaly, ysraýyllar onuň içindäki adamlaryň ählisini gylyçdan geçirdiler.


Ýeşuwa şol günüň özünde ony basyp aldy, onuň ähli ilatyny edil Lakyşdaky edişi ýaly, şol gün gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.


Olar galany basyp alyp, ony we onuň hanyny, obalaryny hem ondaky ähli adamlary gylyçdan geçirdiler. Edil Eglondaky ýaly edip, olar galanyň içinde ýekeje-de diri adam galdyrman, bütinleý ýok etdiler.


Galasy bilen bile onuň hanyny we ähli obalaryny basyp aldy, ýekeje-de diri adam goýman, olaryň hemmesini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi. Olar Hebrona, Libna hem olaryň hanlaryna näme eden bolsalar, Debire we onuň hanyna hem şeýle etdiler.


Gederot, Beýtdagon, Nagama, Makeda. Bular obalary bilen bile on alty galadyr.


Soňra Ýeşuwa Ýeriho galasyna we onuň daş-töweregine içalylyk etmäge giden iki ýaş ýigide: «Rahabyň öýüne baryň we oňa, onuň öýündäkilerine söz berşiňiz ýaly, olary daşaryk alyp çykyň» diýdi.


Sen Ýeriho galasy bilen onuň hanyny näme eden bolsaň, Aý galasy bilen onuň hanyny hem şonuň ýaly et. Ýöne ondan olja alan zatlaryňyzy we mal-garalaryňyzy öz araňyzda paýlaşyň. Duýdansyz çozmaga taýýar bolup, bir bölegiňiz galanyň ýeňsesinde bukuda oturyň».


Emma golaýda ýaşaýan Gibgonyň ilaty Ýeşuwanyň Ýeriho we Aý galalaryny näme edendigini eşidenlerinde,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ