Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:26 - Mukaddes Kitap

26 Ol bu hanlary öldürip, olaryň jesetleriniň hersini bir agaçdan asyp goýdy. Olar agaçdan agşama çenli asylgy durdular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Ол бу ханлары өлдүрип, оларың җесетлериниң херсини бир агачдан асып гойды. Олар агачдан агшама ченли асылгы дурдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:26
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

olary gibgonlylaryň eline berdi. Gibgonlylar olary dagda Rebbiň huzurynda öldürip, ýeriň ýüzüne serdiler, olaryň ýedisem bilelikde öldi. Bu waka baharda, arpa oragynyň ilkinji günlerinde bolupdy.


Bu iş barlanylyp, munuň, hakykatdan-da, şeýledigine göz ýetirilenden soň, olaryň ikisi-de dardan asyldy. Bu waka patyşanyň huzuryndaky ýyl ýazgylaryna ýazyldy.


Olar milletlerden, goý, öç alsynlar, halklara jeza bersinler.


Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar-gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi.


Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi.


Şol gün Taýýarlyk günüdi, ertesi bolsa esasy gün – Sabat günüdi. Şol sebäpden Sabat güni jesetler haçda galmaz ýaly, ýahudylaryň baştutanlary Pilatdan haça çüýlenenleriň injiklerini döwüp, jesetleri aşak düşürtmegi haýyş etdiler.


Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.


Aý galasynyň hanyny bolsa tä agşam düşýänçä agaçdan asyp goýdy. Gün ýaşan badyna, Ýeşuwa onuň jesedini agaçdan düşürip, galanyň derwezesiniň girelgesiniň öňüne taşlamagy buýurdy. Onuň üstüne tümmek edip, daş üýşürdiler. Şol daş üýşmegi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.


Zebah bilen Salmunna Gidegona: «Tur-da, özüň bizi öldür, sebäbi erkek adamyň işini diňe erkek bitirip biler» diýdiler. Gidegon turup, Zebah bilen Salmunnany öldürdi-de, olaryň düýesiniň boýnundaky ýarym aý şekilli şaý-seplerini aldy.


Şamuwel oňa: «Seniň gylyjyň aýallary öz çagalaryndan mahrum etdi. Seniň öz ejeň hem, goý, şol aýallar ýaly perzendinden mahrum bolsun» diýdi we Agagy Gilgalda Rebbiň huzurynda kerçäp taşlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ