Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:20 - Mukaddes Kitap

20 Ýeşuwa we ysraýyllar olaryň iň soňkusyna çenli diýen ýaly ýok etdiler. Olaryň diri galanlarynyň birnäçesi gaçyp, berk galalara girip ýetişdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Ешува ве ысрайыллар оларың иң соңкусына ченли диен ялы ёк этдилер. Оларың дири галанларының бирнәчеси гачып, берк галалара гирип етишдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:20
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Abyşaýa: «Indi Bikri ogly Şeba bize Abşalomdanam köp zyýan berer. Öz jenabyňyň gullaryny al-da, onuň yzyndan kow, ýogsam, ol özüne berk galalar tapar-da, bizden sypar» diýdi.


Ysraýyl patyşasy Ahabyň baştutanlygyndaky ysraýyl goşuny ýörişe çykyp, siriýalylaryň atly goşunynyň we söweş arabalarynyň üstüne çozup, olary derbi-dagyn etdi.


Abyýa we onuň goşuny ysraýyllara agyr zarba urdular. Ysraýylyň bäş ýüz müň saýlama esgeri öldürildi.


Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“.


Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys? Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da, ol ýerde heläk bolalyň. Rebbe garşy günä edendigimiz üçin, Hudaýymyz Reb zäherli suw berip, bizi ölüme sezewar etdi.


Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir.


Reb hem ysraýyllary gören badyna olaryň ýüreklerine howsala düşer ýaly etdi. Ysraýyllar olary Gibgonda derbi-dagyn etdiler. Beýthoron geçelgesine gidýän ýol bilen Azeka we Makeda çenli gaçanlarynyň yzyndan kowalap, olary gyrdylar.


Emma siziň özüňiz ol ýerde galmaly dälsiňiz. Duşmanlaryňyzyň yzyndan kowup, arkadan gelip, olary ýok ediň. Galalaryna girmäge olara ýol bermäň, çünki Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berdi».


Soňra tutuş goşun sag-aman Makedadaky düşelgä, Ýeşuwanyň ýanyna gaýdyp geldi. Bir adamyň hem ysraýyllara garşy geplemäge gurby çatmady.


Rebbiň guly Musanyň buýruşy ýaly, Ýeşuwa bu galalaryň hemmesini basyp alyp, onuň hanlarynyň ählisini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.


Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.


Ysraýyllar Aý galasynyň ähli ilatyny olaryň özlerini kowalap elten ýerinde gyrdylar. Olaryň iň soňkusy öldürilenden soň, ähli ysraýyllar Aý galasyna tarap öwrüldiler we ol ýerdäkileri gylyç bilen weýran etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ