Galanyň halkyny bolsa Dawut galadan göçürip byçgy, demir kätmen hem-de palta bilen işlenilýän işlere ýa-da kerpiç işlerine goýdy. Ol ammonlaryň ähli galalarynda şeýle edenden soň, ähli goşun bilen bile Iýerusalime dolandy.
Gibgonlylar Gilgaldaky düşelgesinde bolan Ýeşuwa: «Öz gullaryňdan el çekme, tizräk gel-de, bizi halas et. Bize kömek et, sebäbi daglykda ýaşaýan ähli amor hanlary biziň garşymyza güýç birikdiripdirler» diýip habar iberdiler.