Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:12 - Mukaddes Kitap

12 Rebbiň amorlary ysraýyllaryň eline beren güni, Ýeşuwa Reb bilen gepleşdi we ysraýyllaryň gözleriniň alnynda şeýle diýdi: «Eý, Gün, dur, Gibgonyň üstünde! Eý, Aý, dur, Aýalon deräniň üstünde!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Реббиң аморлары ысрайылларың элине берен гүни, Ешува Реб билен геплешди ве ысрайылларың гөзлериниң алнында шейле дийди: «Эй, Гүн, дур, Гибгоның үстүнде! Эй, Ай, дур, Аялон дерәниң үстүнде!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:12
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Neriň ogly Abner Şawulyň ogly Yşboşediň adamlary bilen bile Mahanaýymdan Gibgona gitdi.


Hizkiýa: «Kölegäniň on basgançak öňe uzamagy adaty zatdyr. Şonuň üçin-de, goý, kölege yza süýşsün» diýip jogap berdi.


Işaýa pygamber Rebbi çagyrdy. Reb hem Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on basgançak yza süýşürdi.


Işaýa Hizkiýadan: «Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur: şu wagt basgançakdaky kölege on basgançak öňe gitsinmi ýa-da on basgançak yza gaýtsynmy?» diýip sorady.


Beriga, Şema – bu ikisi Aýalonyň ilatynyň kowumbaşylarydylar; olar Gatyň ilatyny kowup çykardylar;


Sorgany, Aýalony we Hebrony gurdy. Rehabgam ýahudalaryň we benýaminleriň galalary berkitdi.


Ol Güne buýruk berýär – Gün dogmaýar, ýyldyzlary möhürläp, gadagan edýär.


Eý, Aý we Gün, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli nurly ýyldyzlar, Ony şöhratlandyryň!


Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn, ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela


Öz işini, täsin işini, amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin, Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb, Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner.


«Ine, Men Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on ädim yza süýşürerin». Şeýdip, Gün düşmeli ýerinden on ädim yza çekildi.


Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.


Şol ýylyň, ýagny dördünji ýylyň bäşinji aýynda Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň başlangyjynda gibgonly Azuryň ogly Hananýa pygamber Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylar bilen ähli halkyň öňünde maňa şeýle diýdi:


Men bolsa Ysraýylyň öňünden amorlary ýok etdim. Boýlary kedr agajy deý uzyn, dub agajy kimin güýçli bolsa-da, olaryň ýokardan miwesini, aşakdan köküni gyrdym.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün şeýle bolar: Günortan çagy güni batyraryn, gündiz ýer ýüzüni garaňky ederin.


Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!


Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan, parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan, Gün bilen Aý ýerlerinde durdy.


Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.


Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.


Halk duşmanyndan ar alyp bolýança, Gün saklandy we Aý durdy. Bu Ýaşur kitabynda ýazylgy dälmi eýsem? Hawa, Gün asmanyň ortasynda saklandy we uzynly gün diýen ýaly ýaşmaga howlukmady.


Aýalon we Gatrimmon galalaryny öri meýdanlary bilen bile aldylar. Bular jemi dört galadyr.


Elon aradan çykanda, ony Zebulundaky Aýalonda jaýladylar.


Asmandan ýyldyzlar lowurdap, öz ýolunda Sisera bilen söweşdi.


Soňra Şamuwel Rebbi çagyrdy; Reb şol gün ýagyş ýagdyrdy we gögi gümmürdetdi. Adamlar Rebden we Şamuwelden juda gorkdular.


Mikmaşdan Aýalona çenli bolan aralykda şol gün ysraýyllar piliştlilere zarba urdular. Halkda ysgyn-mydar galmandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ