Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 10:11 - Mukaddes Kitap

11 Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Олар Бейтхорон дагының эңңидиниң угры билен ысрайыллардан гачанларында, Реб Азека барянча оларың үстүне гөкден улы дашлар ягдырды, олар гырылдылар. Улы дашың ашагында галып өленлер ысрайылларың өлдүренлеринден көп болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 10:11
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.


Söweş ýurduň ähli ýerini gurşap aldy. Ol gün tokaý sebäpli ölenler gylyçdan ölenlerden köp boldy.


Garyň ammarlaryna girip gördüňmi? Doly ammarlaryna ser saldyňmy?


Olary betbagtly günler üçin, gowga we söweş günleri üçin saklaýaryn.


Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».


Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.


Öz işini, täsin işini, amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin, Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb, Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner.


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Hek çalýanlara diwar ýykylar diý; güýçli ýagyş bilen daşly dolular ýagar; diwary tupanly ýel ýumrar.


Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy.


Asmandan ýyldyzlar lowurdap, öz ýolunda Sisera bilen söweşdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ