Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Мен саңа шейле буйрук берйәндирин: дөзүмли хем мерт бол! Горкма ве довла дүшме, чүнки сен нирә гитсең-де, ниреде болсаң-да, Худайың Реб сениң билендир!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 1:9
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Men seni terk etmerin we saňa beren wadamy ýerine ýetirerin».


Reb Ýusup bilen biledi. Ýusubyň işleri oňuna boldy; ol müsürli jenabynyň öýünde ýaşaýardy.


Müsürli jenap Ýusubyň ähli işlerine Rebbiň kömek edýändigine we Onuň Ýusuba ähli işinde üstünlik berýändigine göz ýetirdi.


Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»


Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.


Ýöne siz berk duruň! Ruhdan düşmäň! Eden işleriňiziň hözirini görersiňiz».


Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.


Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.


«Bu halkyň dildüwşük diýýän her zadyna dildüwşük diýmäň, olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, heder etmäň.


Ol maňa: «Jandan eziz söýülýän ynsan, gorkma, saňa rahatlyk bolsun! Dözümli we mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende, men güýçlendim we oňa: «Aýdyber, jenabym, çünki sen maňa güýç berdiň» diýdim.


Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.


Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»


Emma Petrus bilen Ýohanna olara: «Hudaýyň sözlerine däl-de, siziňkä gulak asmak Hudaýyň nazarynda dogrumydyr? Özüňiz netije çykaryň!


Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy size berdi. Gidiň-de, ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, ony mülk ediniň. Gorkmaň, dowla düşmäň“.


Duşmanyňyza garşy urşa çykanyňyzda we olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň we goşunynyň özüňiziňkiden agdykdygyny göreniňizde, siz olardan gorkmaň. Çünki sizi Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Reb siziň bilendir.


Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.


Tireleriňiziň ähli ýaşulularyny we baştutanlaryňyzy meniň ýanyma ýygnaň. Men bu sözleri olara eşitdirip aýtjak. Goý, asman bilen ýer olara garşy şaýat bolsun.


Soňra Ýeşuwa halkyň ýolbaşçylaryna şeýle buýruk berdi:


Biz edil Musa boýun egşimiz ýaly, saňa hem boýun egeris. Ýöne Hudaýyň Reb elmydama Musa bilen bolşy ýaly, seniň bilen hem bile bolsun.


Kimde-kim seniň sözüňe garşy çykyp, seniň tabşyran her bir buýrugyňa boýun bolmasa, onuň jezasy ölümdir. Diňe dözümli hem mert bol!»


Ýeşuwa ýene-de ol ýolbaşçylara: «Gorkmaň we dowla düşmäň! Dözümli we mert boluň! Çünki Reb siziň bilen söweşýän her bir duşmany şeýle etjekdir» diýdi.


Reb oňa: «Gorkma, ol hanlaryň ählisini Men seniň eliňe berdim. Olaryň hiç biri seniň öňüňde durup bilmez» diýdi.


Reb Ýeşuwa: «Şu gün Men seni ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda beýgeltjek, goý, olar Meniň Musa bilen bile bolşum ýaly, seniň bilen hem bile bolýandygymy bilsinler.


Soňra Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Hiç zatdan gorkma we dowla düşme. Öz urşujylaryňyň ählisini al-da, göni Aý galasyna ýöriş et. Görýäňmi, Men Aý galasyny, onuň hanyny, adamlaryny we ýerini seniň eliňe berjekdirin.


Reb Gidegona bakyp: «Bar, şu güýjüň bilen git-de, ysraýyllary midýanlaryň elinden halas et. Seni Men iberýärin!» diýdi.


Şol alamatlar ýerine ýetende, sen göwnüňe gelenini edip bilersiň, çünki Hudaý saňa ýardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ