Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Гой, бу Канун китабы сениң дилиңден дүшмесин. Шондакы языланларың хеммесини дыкгат билен ерине етирер ялы, оны гиҗе-гүндиз аңыңда сакла, шонда сениң әхли ишлериңде үстүнлик ве абаданлык хемраң болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 1:8
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol bir gün agşam daşarda gezmelemäge çykdy. Yshak başyny galdyryp, birnäçe düýäniň gelýändigini gördi.


Özüne Hudaýdan gorkmaklygy öwreden Zakarýanyň bütin ömrüne Uzyýa Hudaýa tabyn boldy. Rebbe tabyn bolan döwürlerinde Hudaý Uzyýanyň işine rowaçlyk berdi.


Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa haýynlyk etdi.


Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla.


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


Ýagşy adam ýüreginiň ýagşylyk hazynasyndan ýagşylyk çykarýandyr, ýaman adam ýüreginiň ýamanlyk hazynasyndan ýamanlyk çykarýandyr.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer.


Şonuň üçin hem bu sözlerimi eşidip, olary berjaý edýän her bir adam öýüni gaýanyň üstünde guran akylly adama meňzeýär.


Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.


Meniň buýruklarymy berjaý edýän kişi Meni söýýändir. Meni söýýäni Atam-da söýer. Men hem ony söýerin we Özümi oňa aýan ederin».


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


Biz olaryň ýerini alyp, rubenlere, gatlara we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk edip berdik.


Şonuň üçin hem, edýän her bir işiňizde üstünlik gazanar ýaly, bu ähtiň şertlerini yhlas bilen ýerine ýetiriň.


Ýok, bu sözler size juda ýakyndyr. Ýerine ýetirmegiňiz üçin bu siziň agzyňyzda we ýüregiňizdedir.


ähli ysraýyllar Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna, Onuň Öz saýlajak ýerine gelenlerinde, siz şu Kanuny ähli ysraýyllara eşitdirip okaň.


Musa bu Kanuny onuň iň soňky sözüne çenli kitaba ýazyp gutardy


Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz.


Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar!


Musa halka: «Şonuň üçin hem indi siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirmekde gaty seresap bolmalysyňyz. Olardan saga-da, çepe-de gyşarmaň.


Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.


Diňe dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir. Nirä gitseň-de üstünlik gazanar ýaly, olardan hiç ýana sowulma.


Soňra Kanun kitabynda ýazylyşy ýaly, Ýeşuwa ähli alkyş we nälet sözlerini ýekeme-ýeke gaty ses bilen okady.


Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ