Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Günortadaky çölden başlap, demirgazykdaky Liwan daglaryna çenli, hetleriň tutuş ülkesi, gündogardaky beýik Ýewfrat derýasyndan günbatardaky Ortaýer deňzine çenli ýerler siziňki bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Гүнортадакы чөлден башлап, демиргазыкдакы Ливан дагларына ченли, хетлериң тутуш үлкеси, гүндогардакы бейик Евфрат дерясындан гүнбатардакы Ортаер деңзине ченли ерлер сизиңки болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 1:4
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir söweş arabasy on ýedi gadak töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alnyp, olar Müsürden getirilýärdi. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Siriýanyň şalaryna satylýardy.


Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.


Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Hadadgezeri Hamatyň ýakynynda boýun egdirdi.


Gündogara Ýewfrat derýasynyň bu tarapyndaky çölüň başlanýan ýerine çenli uzalyp gidýän ýerler hem Belanyň ýerleridi, sebäbi onuň Gilgatda maly juda köpelipdi.


Iýerusalimde güýçli patyşalar bolup, olar Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky bütin welaýata höküm ýöredýän ekenler. Olara salgyt, paç, töleg tölenilýän eken.


Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.


Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň.


Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Ýewfrat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar.


Maňa Iordanyň aňyrsyna geçip, gowy ýurdy, ýagny daglygy we Liwany görmäge rugsat et“.


Bu ses eli surnaýly perişdä: «Beýik Ýewfrat derýasynyň boýunda daňylgy duran dört perişdäni boşat» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ