Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 1:2 - Mukaddes Kitap

2 «Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan derýasyndan geçmäge taýýarlanyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Мениң гулум Муса өлди. Инди Мениң ысрайыллара берйән ериме бармак үчин, сениң өзүң хем тутуш халк Иордан дерясындан гечмәге тайярланың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 1:2
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».


Nesillerini gögüň ýyldyzlary kimin köpeldip, olary eýelemäge bararsyňyz diýip atalaryna aýdan ýurduňa getirdiň.


Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir, Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.


Emma Ýeşuwa tabşyr, ony ruhlandyr we güýçlendir, sebäbi halka baş bolup, Iordandan geçjek we seniň görjek şol ýurduňy olara mülk edip paýlap berjek Ýeşuwadyr“ diýdi.


Soňra Musa Ýeşuwany çagyryp, ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda şeýle diýdi: «Dözümli we mert bol, çünki Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna bu halk bilen gitjek ýeke-täk sensiň. Bu ýurdy olara mülk edip paýlap berjek hem diňe sensiň!


Şeýdip, Rebbiň Öz buýruşy ýaly, Rebbiň guly Musa şol ýerde – Mowapda öldi.


Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi:


«Düşelgäniň içinden geçiň we ilata: „Ýol üçin azyk harajadyňyzy taýýarlaň, sebäbi siz ýene üç günden Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýerini eýelemäge gidersiňiz“ diýip tabşyryk beriň».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ