Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 1:17 - Mukaddes Kitap

17 Biz edil Musa boýun egşimiz ýaly, saňa hem boýun egeris. Ýöne Hudaýyň Reb elmydama Musa bilen bolşy ýaly, seniň bilen hem bile bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Биз эдил Муса боюн эгшимиз ялы, саңа хем боюн эгерис. Йөне Худайың Реб элмыдама Муса билен болшы ялы, сениң билен хем биле болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 1:17
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

şa hezretleriniň sözi meni köşeşdirer“ diýip pikir etdim. Sebäbi ol Hudaýyň perişdesi ýaly, ýagşyny-ýamany seljerýär. Goý, Hudaýyň Reb seniň bilen bolsun!»


Reb jenabym bilen bolşy ýaly, Süleýman bilen hem bolup, onuň şalygyny jenabym Dawut patyşanyň şalygyndan-da has gülletsin».


Dawut ýene ogly Süleýmana şeýle diýdi: «Güýçli hem mert bol, işe başla! Gorkma, aljyrama, çünki meniň Hudaýym Hökmürowan Reb seniň bilendir. Rebbiň öýüniň hyzmat işleriniň ählisi tamamlanman, Ol seni taşlamaz, terk etmez.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Bol bereketleriň bilen Sen garşy aldyň, başyna sap altyndan jyga geýdirdiň.


Seniň eliň tapar ähli duşmanlaryňy, Seniň goluň – Seni ýigrenýänleri.


Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý.


Bütin ysraýyl halky tabyn bolar ýaly, oňa öz ygtyýarlyklaryňdan ber.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar.


Olar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Bize buýran tabşyryklaryňyň ählisini ýerine ýetireris we nirä iberseň-de gideris.


Kimde-kim seniň sözüňe garşy çykyp, seniň tabşyran her bir buýrugyňa boýun bolmasa, onuň jezasy ölümdir. Diňe dözümli hem mert bol!»


Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


Şol gün Reb ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda Ýeşuwany beýgeltdi. Olar Musadan gorkuşlary ýaly, ömrüniň bütin dowamynda Ýeşuwadan hem gorkdular.


Dawut sözüni dowam edip: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi.


Emma ol ýamanlyk etmegi ýüregine düwäýse, menem ony saňa ýetirmesem, seni sag-salamat ýola salmasam, onda, goý, Reb maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin. Reb kakama ýar bolşy ýaly, saňa-da ýar bolsun.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ