Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 1:15 - Mukaddes Kitap

15 Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Тә Реб доганларыңыза-да сизиңки ялы парахатчылык берйәнчә ве тә олар хем Худайыңыз Реббиң өзлерине берйән ерини эелейәнчәлер, сиз олара көмек эдиң. Шондан соң сиз Реббиң гулы Мусаның Иордан дерясының гүндогарындакы өзүңизе берен ерине доланып гелип, оңа эелик эдерсиңиз».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 1:15
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.


biabraýlyk etmeýär. Söýgi öz bähbidini aramaýar, gaharlanmaýar, öýke-kine saklamaýar.


Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.


Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar.


Şol wagt men size şeýle buýruk berdim: „Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy mülk edinmek üçin size berdi. Ähli söweşijileriňiz ýaraglansynlar-da, ysraýyl doganlaryňyzyň öňünden ýöresinler.


Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berenden soň we olar hem Hudaýyňyz Rebbiň Iordanyň aňyrsyndan özlerine berýän mülk ýerini eýelänlerinden soň, her biriňiz meniň size beren mülküme dolanyp gelip bilersiňiz“.


Eý, ysraýyl halky, gulak sal: indi siz Iordan derýasyndan geçip, özüňizden beýik we güýçli halklaryň ýerlerini mülk edip alarsyňyz. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr.


Her kes diňe öz bähbidini däl, eýsem başgalaryň bähbidini hem arasyn.


Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi:


Siziň aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz, goý, Iordan derýasynyň gündogar tarapynda – Musanyň size beren ýerinde galsyn. Emma araňyzdaky ähli urşujylar ýaraglanyp, doganlaryňyzyň öňünden derýadan geçsinler.


Olar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Bize buýran tabşyryklaryňyň ählisini ýerine ýetireris we nirä iberseň-de gideris.


Soňra Ýeşuwa ruben, gat tirelerini we gündogardaky manaşa tiresini ýanyna çagyryp,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ