Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реб Өзүниң гулы Муса өленден соң, онуң көмекчиси Нун оглы Ешува шейле дийди:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 1:1
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem Nimşiniň ogly Ýehuwyň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga saýla; Abelmeholadan bolan Şapatyň ogly Elýaşanyň başyna ýag guýup, ony öz ornuňa pygamberlige saýla.


Emma Ýehoşapat: «Rebden sorap görer ýaly bu ýerde Rebbiň pygamberi ýokmy?» diýdi. Onsoň Ysraýyl patyşasynyň emeldarlarynyň biri: «Şapadyň ogly Elýaşa şu ýerde. Ol Ylýasyň eline suw akydardy» diýip jogap berdi.


Ýesirlikden gaýdyp gelenleriň ählisi çatma dikip, onda wagtlaýyn boldular. Çünki Nunuň ogly Ýeşuwanyň döwründen tä şol güne çenli ysraýyl halky beýle zat etmändi. Olar şeýle uly şady-horramlyk etdiler.


Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady.


Muňa Musanyň kömekçisi, onuň saýlan adamlarynyň biri bolan Nunuň ogly Ýeşuwa: «Agam, Musa, olara gadagan et!» diýdi.


Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir, Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.


Az zatda ynamdar bolan köp zatda hem ynamdardyr, az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar bolup bilmez.


Soňra bu çadyr nesilden-nesle geçip, ata-babalarymyza gowuşdy. Ýeşuwanyň ýolbaşçylygynda keseki milletleriň ýurduny eýelänlerinde, olar çadyry özleri bilen alyp gitdiler. Çadyr Dawut patyşanyň günlerine çenli şol ýerde galdy.


Isa Mesihiň guly we resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmäge saýlanan men Pawlusdan dogaýy salam!


Ol ýurda seniň kömekçiň Nunuň ogly Ýeşuwa barar. Sen ony golda, çünki ýerleri ysraýyllara mülk edip paýlap berjek ýeke-täk adam şoldur“.


Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.


Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Ol ähli halklary siziň öňüňizden ýok eder we siz olaryň ýerini mülk edinersiňiz. Rebbiň söz berşi ýaly, Ýeşuwa size baş bolup, derýadan geçer.


Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur.


Çünki tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Musa ýaly bu ähli gudratlary, beýik we gorkunç işleri ýerine ýetiren başga hiç kim ýokdy.


Şeýdip, Rebbiň Öz buýruşy ýaly, Rebbiň guly Musa şol ýerde – Mowapda öldi.


Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar.


Hudaýyň guly we Isa Mesihiň resuly men Pawlusdan dogaýy salam! Hudaý Öz saýlan adamlarynyň iman getirmegi we Onuň ýörelgesine gönükdirýän hakykaty bilmegi üçin meni resullyga belledi.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz».


«Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan derýasyndan geçmäge taýýarlanyň.


Rebbiň guly Musa we ysraýyllar olaryň hemmesini basyp aldylar. Musa olaryň ähli ýerlerini rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň eýeçiligine berdi.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ