Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:8 - Mukaddes Kitap

8 Dilleri öldüriji peýkamdyr, hile bilen sözleýärler. Goňşularyna hoş sözler aýdýarlar, ýüreginde bolsa duzak gurýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Диллери өлдүриҗи пейкамдыр, хиле билен сөзлейәрлер. Гоңшуларына хош сөзлер айдярлар, йүрегинде болса дузак гурярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:8
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.


Ýa Reb, haçana çenli maňa nazar saljak däl? Sen meni baky unudaýjakmy? Haçana çenli gizlejek menden ýüzüňi?


Haçana çenli janym gaýgy etmeli, ýüregim-de uzakly gün gussa çekmeli? Haçana çenli duşmanym üstün çykarka?


Ol seniň aýagyňy taýdyrmaz, seni goraýan Hudaý irkilmez.


Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde, Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär, Reb ummasyz suwlardan üstündir.


Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar, dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.


Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.


Deňizleriň tupan-harasadyny, onuň tolkunlarynyň güwwüldisini, halklaryň tolgunmasyny ýatyrýan Sensiň.


Ýakynyna garşy galp şaýatlyk edýän adam gürzüdir, gylyçdyr, ýiti okdur.


«Meniň halkymyň arasynda erbet adamlar bar. Olar guş awlamak üçin, bukuda ýatýanlar ýaly duzak gurup, ynsanlary tutýarlar.


Bu zatlar üçin Men olary jezasyz galdyrarynmy? Janym beýle milletden öç almazmy?» Muny Reb aýdýandyr.


«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Her kes öz dostundan ägä bolsun, hiç bir dogana ynam etmäň. Çünki her bir dogan ýalançydyr, her bir dost ýalan gep gezdirýär.


Her kim öz dostuny aldaýar, hiç kim hakykaty sözlemeýär. Dillerine ýalan sözlemegi öwretdiler, şer işler edip, toba etmegi bilmediler.


Baýlary sütemden doly, halky-da ýalançy, agyzlaryndan ýalan sözler çykýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ