Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:6 - Mukaddes Kitap

6 Zulum üstüne zulum, ýalan üstüne ýalan ýagýar! Olar Meni tanamakdan ýüz öwürýärler. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Зулум үстүне зулум, ялан үстүне ялан ягяр! Олар Мени танамакдан йүз өвүрйәрлер. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:6
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz; elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi.


Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagy makul bilmediler.


Elimi saňa garşy uzadaryn, haramlygyňyzdan aşgar bilen tämizlärin seni, ähli ýanyklaryňy aýraryn.


Öküz öz eýesini tanaýar, eşek-de eýesiniň ahyryny, emma Ysraýyl Meni tanamaýar, halkym Maňa düşünmeýär».


Taňry Sion gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär.


Olar ýene-de sözlerime gulak asmak islemedik ata-babalarynyň etmişlerine tarap dolandylar. Başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk etdiler. Ysraýyl we ýahuda halky özleriniň ata-babalary bilen eden ähtimi bozdular.


Men bolsam damagy çalynmaga äkidilen ýuwaş bir guzy kimindim. Olaryň: «Geliň, agajy miwesi bilen ýok edeliň, mundan beýläk onuň ady ýatlanmaz ýaly, ony dirileriň ýurdundan kesip taşlalyň» diýip, meniň garşyma hile gurýandyklaryny bilmedim.


Bu pis halk kesirlik bilen öz isleglerine kowalaşyp, sözüme gulak asmak islemeýär. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk we sežde edýärler. Şonuň üçin olar hem hiç derde ýaramaýan şu guşak ýaly bolarlar.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Guşlardan doly kapasa ýaly, olaryň öýleri-de hileden doly. Şeýdip, olar beýgeldiler, baýadylar,


Näme üçin bu halk ýoldan çykdy? Iýerusalim dyngysyz dönüklik edýär. Olar ýalana berk ýapyşyp, yza dolanmakdan boýun towlaýar.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn.


Eliýiň ogullary ruhany bolsalar-da, ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ