Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:26 - Mukaddes Kitap

26 Müsüri, Ýahudany, Edomy, ammonlary, Mowaby we çölde ýaşaýan gyrçuw sakgallylaryň hemmesini jezalandyraryn. Çünki bu milletleriň ählisi sünnetsiz, tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Мүсүри, Яхуданы, Эдомы, аммонлары, Мовабы ве чөлде яшаян гырчув сакгаллыларың хеммесини җезаландырарын. Чүнки бу миллетлериң әхлиси сүннетсиз, тутуш ысрайыл халкының йүреги-де сүннетсиз».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:26
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size aýdýan sözüni diňläň.


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Mowapda, ammonlaryň arasynda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ähli ýahudalar-da Babyl patyşasynyň Ýahuda ýurdunda bir topary aman galdyrandygyny, olaryň üstlerinden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim belländigini eşitdiler.


Olaryň düýeleri talanyp, köp mallary olja alnar. Saç-sakgallaryny gyrkan bu adamlary Men çar tarapyň ýeli bilen dargadaryn, her ýandan başlaryna betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr.


«Olar eşider ýaly men kime aýdaýyn, kime duýduryş bereýin? Serediň, olaryň gulaklary gapyk, eşitmeýärler. Olar Rebbiň sözünden hoşal bolmaýarlar, gaýtam, ony ýaňsylaýarlar.


Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Olara şeýle diý: „Sen kimden görmegeý? Aşak in-de, sünnetsizler bilen bir gabyrda ýat“.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden hiç bir sünnetsiz we boýnuýogyn gelmişek Meniň mukaddes öýüme girmeli däldir.


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ