Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:25 - Mukaddes Kitap

25 Şeýle günler geler, teni sünnetli bolup-da, ýüregi sünnetsiz adamlary jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Шейле гүнлер гелер, тени сүннетли болуп-да, йүреги сүннетсиз адамлары җезаландырарын. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:25
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dedana, Teýma, Büze hem-de saç-sakgallaryny gyrkan ähli halklara;


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Olaryň düýeleri talanyp, köp mallary olja alnar. Saç-sakgallaryny gyrkan bu adamlary Men çar tarapyň ýeli bilen dargadaryn, her ýandan başlaryna betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr.


Sen gelmişekleriň elinde sünnetsizleriň ölümi bilen heläk bolarsyň, sebäbi Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär».


Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň.


«Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan Men diňe sizi saýladym. Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin, Men sizi jezalandyraryn.


Çünki daşky görnüşi boýunça ýahudy görünýän her kes ýahudy däldir, tendäki her sünnet-de hakyky sünnet däldir.


Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ