Ýermeýa 9:23 - Mukaddes Kitap23 Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап23 Реб шейле диййәр: «Пайхаслы пайхасына, гүйчли гүйҗүне магтанмасын, бай байлыгына өвүнмесин. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Entek hem bir pille, siz surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza ýüzüňizi ýere berip, meniň diken heýkelime sežde etmäge taýýar bolsaňyz ne ýagşy. Emma sežde etmekden boýun gaçyrsaňyz, duran ýeriňizde ýanyp duran kürä taşlanarsyňyz. Sizi meniň elimden halas edip biljek hudaý barmyka?» diýdi.
Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.