Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:22 - Mukaddes Kitap

22 Reb şeýle aýdýar diý: «Ynsan jesetleri ekin meýdanyna sepilen ders deý, orakçynyň yzyndaky desseler deý topraga serler. Olary hiç kim ýygnamaz».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Реб шейле айдяр дий: «Ынсан җесетлери экин мейданына сепилен дерс дей, оракчының ызындакы десселер дей топрага серлер. Олары хич ким йыгнамаз».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:22
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini diňläp, olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlaryň baryny görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi.


Işaýa pygamber: «Olar seniň köşgüňde näme zatlary gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümde bolan zatlaryň baryny gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik hiç bir zat galmady» diýip jogap berdi.


Izebeliň jesedi Ýizregelde ekin meýdanlaryna ders bolar. Şonuň üçin hem hiç kim ony ‘Bu Izebeldir’ diýip tanap bilmez“» diýdi.


Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar, mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar.


«Men gepläýin, sen hem diňle, eý, halkym; Mendirin Hudaýyň, seniň Hudaýyň, eý, Ysraýyl, saňa garşy şaýatlyk Men edeýin.


Eý, Hudaý hoşamaý seret patyşa – galkanymyza, merhemet et Öz seçip-saýlanyňa.


Baýlaryň baýlygy – olaryň berk galasy, onuň hyýalynda beýik haýat kimindir.


Baýajak bolup agyr zähmet çekme, pähimli bol, bu pikiriňden el çek.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter. Olar üçin ýas tutulmaz, ýygnalyp jaýlanylmaz. Olar zir-zibil ýaly çaşyp ýatarlar.


Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: «Ine, Men bu halkyň öňüne büdreme daşyny goýaryn, ata-eneler çagalary bilen büdräp ýykylar, goňşusy dosty bilen birlikde heläk bolar».


Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz.


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Olar ýel kimin geçip gidýärler. Bu günäli adamlaryň hudaýy – öz güýçleri».


Men ynsanlaryň başyna muşakgat indererin. Olar kör adam kimin ýörärler, ganlary suw deýin döküler, bedenleri ders kimin çüýrär, çünki olar Rebbe garşy günä etdiler.


Siz öz-özüňize: „Men öz güýjüm bilen ýa-da öz golumyň gudraty bilen bu baýlygy topladym“ diýmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ