Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:21 - Mukaddes Kitap

21 Köçelerden çagalary, meýdançalardan ýaş ýigitleri gyryp taşlamak üçin, ölüm penjirelerimize dyrmaşyp, galalarymyza girdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Көчелерден чагалары, мейданчалардан яш йигитлери гырып ташламак үчин, өлүм пенҗирелеримизе дырмашып, галаларымыза гирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:21
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi.


Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar, ýaş ýigitler-de büdräp, ýykylýarlar.


Ýurduň derwezelerinde halkymy çarşak bilen sowraryn. Perzentsiz goýup, olary heläk ederin, çünki olar pis ýollaryndan dänmediler.


Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.


Indi bolsa Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: „Näme üçin siz öz başyňyzdan bu ägirt uly betbagtçylygy inderýärsiňiz? Özüňizden soň hiç kim galmaz ýaly, Ýahudadan erkegi, aýaly, çaga-çugany we bäbegi gyryp taşlajaksyňyzmy?


Munuň üçin onuň ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar, ähli urşujylary ol gün dymdyrylar. Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn, gaharymy saklamakdan halys irdim». «Ony köçedäki çagalaryň, toplanan ýigitleriň üstüne dök. Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler, garrydyr goja-da olardan sypmaz.


Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: «Ine, Men bu halkyň öňüne büdreme daşyny goýaryn, ata-eneler çagalary bilen büdräp ýykylar, goňşusy dosty bilen birlikde heläk bolar».


Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz.


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Olar şähere tarap okdurylýarlar, diwarlaryň ýüzünden ylgaýarlar, dyrmaşyp, jaýlara aralaşýarlar, ogry kimin penjirelerden girýärler.


Ysraýyl gyzy ýykyldy, indi ol hiç haçan galmaz, öz topragynda süýnüp ýatyr, hiç kim oňa ýardam bermez.


Bir öýde on adam galan bolsa, olar-da öler.


Men ynsanlaryň başyna muşakgat indererin. Olar kör adam kimin ýörärler, ganlary suw deýin döküler, bedenleri ders kimin çüýrär, çünki olar Rebbe garşy günä etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ