Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:20 - Mukaddes Kitap

20 Eý, aýallar, Rebbiň sözüni eşidiň, agzyndan çykýan söze gulak asyň. Gyzlaryňyza ýas tutmagy, goňşyňyza agy aýtmagy öwrediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Эй, аяллар, Реббиң сөзүни эшидиң, агзындан чыкян сөзе гулак асың. Гызларыңыза яс тутмагы, гоңшыңыза агы айтмагы өвредиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:20
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gulak goý Onuň agzyndan çykýan öwüt-ündewe, sözlerini ýüregiňde sakla.


Reb şeýle diýýär: «Sion gyzlary tekepbirdirler, tumşuklaryny göge tutup ýöreýärler, näzirgeşip seredýärler, näz-kereşme bilen ädim ädip, aýak halkalaryny şyňňyrdadýarlar.


Ýetginjekleri olara baştutan ederin, göwnüne gelenini edýänler olara hökmürowanlyk ederler.


Olaryň pygamberlik eden halky-da açlyk we gylyç sebäpli Iýerusalimiň köçelerine taşlanar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul-gyzlaryny jaýlan bolmaz. Çünki eden pisliklerini Men olaryň öz başlaryndan indererin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler.


Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn, gaharymy saklamakdan halys irdim». «Ony köçedäki çagalaryň, toplanan ýigitleriň üstüne dök. Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler, garrydyr goja-da olardan sypmaz.


Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Muňa düşüner ýaly paýhasly biri barmydyr? Muny yglan eder ýaly Rebbiň sözlän kişisi kim? Näme üçin ýurt weýran bolup, içinden hiç kim geçmez ýaly, çöl kimin boşap ýatyr?


Tur! Gijeki nobat başynda perýat et! Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök! Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa.


Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ