Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Käşge halkymy taşlap, olardan uzakda bolarym ýaly çölde bir kerwensaraý tapsadym! Çünki olaryň hemmesi zynahor, birtopar haýyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Кәшге халкымы ташлап, олардан узакда боларым ялы чөлде бир кервенсарай тапсадым! Чүнки оларың хеммеси зынахор, биртопар хайын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.


Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?


Saňa hatda dogan-garyndaşlaryň, öz maşgalaň-da haýynlyk etdi. Ýeňsäňden seslerine bat berdiler. Ýüzüňe ýagşy sözler aýtsalar-da, ynanmaweri sen olara.


Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.


Çünki ýurt zynahorlykdan doludyr, ýurt nälet zerarly ýas tutýar, çölüň örüleri guraýar. Adamlar pis ýola düşüp, güýçlerini zorluga sarp edýär.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


«Iýerusalimiň köçelerine aýlanyň, daş-töweregiňizi synlaň, belläň! Şäher meýdançalarynda agtaryň. Eger adalaty berjaý edip, hakykaty gözleýän bir adam tapsaňyz, onda Men bu şäheri bagyşlaýyn.


Ysraýyl we ýahuda halklary Maňa bütinleý biwepalyk etdiler». Muny Reb aýdýandyr.


„Rebden ant içýärin“ diýseler-de, olar aslynda ýalan ýere ant içýärler».


Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.


Olar nikasyz çagalar dogrup, Rebbe biwepalyk etdiler. Täze Aý baýramy olary ekin meýdanlary bilen ýuwudar.


Olar Adam ata ýaly, ähti bozdular, ol ýerde maňa biwepalyk etdiler.


Olaryň hemmesi zynagärdirler, Çörekçiniň tamdyry ýaly gyzgyndyr. Ýugrulan hamyr ajaýança bişirijä ody gorjamak gerek däl.


Baýlary sütemden doly, halky-da ýalançy, agyzlaryndan ýalan sözler çykýar.


Pygamberleri biperwaý, biwepa adamlardyr; ruhanylary ybadathanany harama çykardylar, Kanuny harladylar.


Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy.


Siz: «Näme üçin kabul etmeýär?» diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Reb seniň we ýaş wagtyň öýlenen aýalyňyň arasynda şaýatdyr. Ol ýanýoldaşyň, ähtleşen aýalyň hem bolsa, sen oňa dönüklik etdiň.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


Şeýlelik bilen, tutuş bir nesil dünýäden ötdi we bu öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga bir nesil kemala geldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ