Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:19 - Mukaddes Kitap

19 Ine, Siondan perýat eşidilýär: «Bizi, gör, nähili weýran etdiler! Gaty utanja galdyk, çünki ýurdumyzy terk etdik, öýlerimiz ýer bilen ýegsan boldy».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Ине, Сиондан перят эшидилйәр: «Бизи, гөр, нәхили вейран этдилер! Гаты утанҗа галдык, чүнки юрдумызы терк этдик, өйлеримиз ер билен егсан болды».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:19
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, özlerine buýsanýan aýallar, turuň, sesimi eşidiň! Eý, özlerine daýanýan aýallar, sözüme gulak goýuň!


Soňra Reb maňa şeýle diýdi: «Hatda Musa bilen Şamuwel huzurymda durup ýalbarsalar-da, ýüregim bu halka tarap öwrülmez. Halkymy huzurymdan kow, goý, gitsin!


Ysraýyl gulmy näme? Ol dogabitdi hyzmatkärmi? Onda neçün ol olja boldy?


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geldi, tutuş ýurt wes-weýran boldy, ýok boldy birdenkä çadyrlarym, bir demde perdelerim.


Ähli garyndaşlaryňyzy, tutuş efraýym nesillerini kowşum ýaly, sizi hem huzurymdan kowaryn“.


Olar Meni ynjadýarlarmy? Ýok, özlerini ynjadyp, utanja galýarlar. Muny Men-Reb aýdýandyryn.


Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.


Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar! Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi. Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular. Milletler arasynda olara şeýle diýildi: «Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!»


Şeýdip, ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyrdym. Ýurt öz ilatyndan ýüz dönderdi.


Eger sizem ýurdy harama çykarsaňyz, ozalky milletden ýüz dönderişi ýaly, ýurt sizden-de ýüz dönderer.


Mesgen tutmagyňyz üçin alyp barýan ýurdumyň sizden ýüz döndermezi ýaly, siz Meniň parzlarymy we hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň.


Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.


Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».


Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, siziň dadyňyza hiç kim ýetmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ