Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:18 - Mukaddes Kitap

18 Derrew gelip, biziň üçin agy aýtsynlar. Goý, gözlerimiziň ýaşy kepemesin, gabaklarymyzdan sil bolup aksyn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Деррев гелип, бизиң үчин агы айтсынлар. Гой, гөзлеримизиң яшы кепемесин, габакларымыздан сил болуп аксын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:18
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Sen olara şu sözi ýetir: „Goý, gözlerimiň ýaşy gije-gündiz kepemesin, çünki boý gyzym – eziz halkym agyr ýaralandy, güýçli zarba sezewar boldy.


Ýaşlygymyzdan bäri ata-babalarymyzyň bar zähmetini, olaryň sygyrdyr goýun sürülerini, oguldyr gyzlaryny bihaýa butlar ýuwudyp-ýalmap gelýärler.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geldi, tutuş ýurt wes-weýran boldy, ýok boldy birdenkä çadyrlarym, bir demde perdelerim.


Eý, Meniň eziz halkym! Jul geýnip, kül üstünde otur. Ýalňyz çagaň üçin ýas tutýan dek ajy gözýaş dök, çünki üstümize duýdansyz heläkleýji geler».


Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler.


Eý, aýallar, Rebbiň sözüni eşidiň, agzyndan çykýan söze gulak asyň. Gyzlaryňyza ýas tutmagy, goňşyňyza agy aýtmagy öwrediň.


Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular.


Gözlerim ýaş dökmekden küteldi, içim ýanýar. Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly gara bagrym gan bolýar, çünki şäheriň köçelerinde çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.


Men saňa näme diýeýin? Eý, Iýerusalim gyzy, seni nämä meňzedeýin? Eý, Sion boý gyzy, teselli berer ýaly, seni nämä deňeşdireýin? Seniň heläkçiligiň deňiz deý ägirt, kim şypa berer saňa?


Halk Rebbe ýürekden perýat edýär. Gije-gündiz gözýaşyň sil bolup aksyn, gözleriňiň ýaşy kepemesin, eý, Sion gyzynyň diwary!


Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa gözýaşlarym sil bolup akýar.


Hökmürowan Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin meýdançalarda dady-perýat ederler, köçelerde „Waý, waý günümize!“ diýşerler. Çagyrarlar daýhany matam tutmaga, ýasçylary – ýas aýdymyny aýtmaga.


Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ