Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:16 - Mukaddes Kitap

16 Men olary özleriniň hem, ata-babalarynyň hem tanamadyk milletiniň arasyna pytradaryn. Olary ýok edýänçäm, yzlaryna gylyç salaryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Мен олары өзлериниң хем, ата-бабаларының хем танамадык миллетиниң арасына пытрадарын. Олары ёк эдйәнчәм, ызларына гылыч саларын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:16
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Guluň Musa: „Eger biwepalyk etseňiz, sizi halklaryň arasyna pytradaryn. Ýöne siz Maňa dolanyp, tabşyryklarymy ýatda saklap, berjaý etseňiz, siziň sürgün edilenleriňiz ýeriň aýagujunda bolsa-da, Men olary şol ýerden ýygnap, Öz adymyň mesgen tutmagy üçin saýlan ýerime getirerin“ diýen sözleriňi ýada sal.


Serhoş kimin yranyp entirekledi, akyl-huşlary başyndan uçdy.


Beýiklikden gorkarlar, ýollar gorkuly bolar; badam agajy güllär, çekirtge özüni zor bilen çeker, höwes ýiter, çünki ynsan öz ebedi öýüne gider, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşarlar.


Men olary çöl ýeli bilen sowrulýan saman külkesi kimin dargadaryn.


Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».


«Soňra sen olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Içip, serhoş boluň, gusuň we araňyza iberjek gylyjymdan ýykylyň, gaýdyp ýeriňizden galmaň“.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olaryň üstüne gylyjy, açlygy, mergini ýollaryn. Olary iýip bolmaýan çüýrük injirler kimin ederin.


Men olary ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin aňtaýaryn. Müsür ýurdundaky ýahudalylaryň hemmesi doly gyrlyp ýok bolýança, gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar.


Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.


Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin.


Olary ýurtlara dargadanymda, milletler arasyna pytradanymda, Meniň Rebdigimi bilerler.


Ýa-da ol ýurduň üstüne gylyç getirip: „Eý, gylyç, ýurduň içinden geç!“ diýsem, ondaky ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlasam,


Mundan başga-da, Men olary milletler arasyna pytradyp, başga ýurtlara dargatjakdygyma çölde ant içdim.


Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.


Şäheriň gabaw günleri tamamlananda, onuň üçden birini şäheriň ortasynda ýak. Beýleki üçden birini al-da, tutuş şäheriň töweregine gylyç bilen pytrat. Galan üçünji bölegini bolsa ýele sowur, Men-de gylyjymy ýalaňaçlap, olaryň yzyndan kowalaryn.


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Hökmürowan Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin meýdançalarda dady-perýat ederler, köçelerde „Waý, waý günümize!“ diýşerler. Çagyrarlar daýhany matam tutmaga, ýasçylary – ýas aýdymyny aýtmaga.


Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».


Şeýdip, Men olary tanamaýan-bilmeýän milletleriň arasyna harasat bilen dargatdym. Olaryň taşlap giden ýurduny harabaçylyga öwürdim. Ol ýerde janly-jemende galmady; ne gözel ýurt tozap galdy“».


Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.


Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Ynsanlar arasyndan olary dagatmakdy, olar hakdaky ýatlamany öçürip taşlamakdy pikirim.


Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ