Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 9:1 - Mukaddes Kitap

1 Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Вах, кәшге башым бир булак, гөзлерим гөзяш чешмеси болсады! Бичәре халкымың өлдүриленлери үчин агласадым мен гиҗе-гүндиз!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 9:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen hakykatyňy, nuruňy iber, goý, olar ýol görkezsin maňa; goý, olar meni äkitsin, mukaddes dagyňa we ýaşalgaňa.


Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär, janymy almak üçin meni aňtaýar.


Şonuň üçin Ýazer agysy bilen Sibmanyň üzümçilikleri üçin aglaryn men; gözýaşym bilen suwararyn sizi, eý, Heşbon we Elgala! Çünki tomus miweleriň, hasyl ýygnalýan döwründäki şagalaň şowhunyňyz kesildi.


Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Sen olara şu sözi ýetir: „Goý, gözlerimiň ýaşy gije-gündiz kepemesin, çünki boý gyzym – eziz halkym agyr ýaralandy, güýçli zarba sezewar boldy.


Bu ähli zatlara garamazdan, onuň haýyn uýasy Ýahuda Maňa çyn ýürekden däl-de, ýalandan dolandy». Muny Reb aýdýandyr.


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


«Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler.


Eý, Meniň eziz halkym! Jul geýnip, kül üstünde otur. Ýalňyz çagaň üçin ýas tutýan dek ajy gözýaş dök, çünki üstümize duýdansyz heläkleýji geler».


Derdime şypa ýokdur, ýüregim ýaralydyr meniň.


Derrew gelip, biziň üçin agy aýtsynlar. Goý, gözlerimiziň ýaşy kepemesin, gabaklarymyzdan sil bolup aksyn».


Gözlerim ýaş dökmekden küteldi, içim ýanýar. Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly gara bagrym gan bolýar, çünki şäheriň köçelerinde çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.


Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Olaryň hemmesi zynagärdirler, Çörekçiniň tamdyry ýaly gyzgyndyr. Ýugrulan hamyr ajaýança bişirijä ody gorjamak gerek däl.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ