Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 8:6 - Mukaddes Kitap

6 Men üns berip diňledim, dogrusyny aýtmaýar olar. Hijisi: „Bu edenim näme?“ diýip, öz pisligine toba etmeýär. Söweşde çapýan at kimin hersi öz ýoluna ýortýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Мен үнс берип диңледим, догрусыны айтмаяр олар. Хиҗиси: „Бу эденим нәме?“ дийип, өз пислигине тоба этмейәр. Сөвешде чапян ат кимин херси өз ёлуна ёртяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 8:6
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.


Hudaýa: „Jezamy çekdim, indi pis iş etmerin.


Görmeýänimi maňa öwret, etmiş eden bolsam, indi gaýtalaman“ diýeniňiz barmy?


Kämil gezýän, dogry iş edýän, hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Nähak gazanç etmişleri üçin gaharlanyp, olary jezalandyrdym, gaharlandym, ýüz öwürdim; emma olar öz islän ýollaryndan gitdiler.


Reb hiç kimiň ýokdugyny gördi, araçynyň ýokdugyna geň galdy; Öz goly ýeňiş getirdi Oňa, Öz dogrulygy goldady Ony.


Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim.


Sen ömürlik gaharlanjakmy? Öýke-kinäňi baky saklajakmy?“ diýip aýtdyň. Ine, sen şu zatlary aýtsaň-da, edip bilen ýamanlyklaryňy etdiň».


«Iýerusalimiň köçelerine aýlanyň, daş-töweregiňizi synlaň, belläň! Şäher meýdançalarynda agtaryň. Eger adalaty berjaý edip, hakykaty gözleýän bir adam tapsaňyz, onda Men bu şäheri bagyşlaýyn.


Ol özüniň eden ähli günälerine göz ýetirip, olara toba edendigi üçin, hökman diri galar, ol ölmez.


Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim.


Bütin Ysraýyl Seniň kanunyňy bozup azdy we Seniň sözüňe gulak asmakdan boýun gaçyrdy. Şeýdip, Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan nälet başymyzdan indi we kasam ýerine ýetdi. Sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Men diýdim: «Siz Menden gorkuň, öwüt-ündew alyň! Şonda mesgenleri ýok edilmez, jezalarym başlaryndan inmez». Emma olar öňküleri ýaly, ähli işlerinde pislikden lezzet aldylar.


Şonuň üçin indi Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Öz ýaşan ýyllaryňyza ser salyp pikir ediň.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz ýaşan ýyllaryňyza ser salyp pikir ediň.


Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.


Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.


Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ