Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 8:4 - Mukaddes Kitap

4 Sen olara Reb şeýle diýýär diý: «Ýykylan ynsan galmazmy gaýdyp? Ýolundan azaşanlar gelmezmi ýola?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Сен олара Реб шейле диййәр дий: «Йыкылан ынсан галмазмы гайдып? Ёлундан азашанлар гелмезми ёла?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 8:4
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

islendik adam ýa-da ysraýyl halky tarapyndan nähili dilegdir ýalbaryş edilen bolsa, her kes öz ýürek derdini bilip, şu öýe tarap ellerini gerse,


Çünki dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr, erbedi betbagtlyk ýykýandyr.


Ýazyklaryňyzy bulut kimin, günäleriňizi duman kimin aýraryn. Maňa dolan, çünki Men sizi yzyňyza aldym».


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


Iýerusalimiň pygamberleriniň arasynda-da aýylganç zat gördüm: olar zyna edýärler, ýalana eýerýärler, ýamanlyk edýänleri güýçlendirýärler, şeýdip, hiç kim erbetlikden el çekmeýär. Meniň üçin olaryň ählisi Sodom kimin, boldy Iýerusalimiň ilaty Gomora kimin.


«Aýdaly, bir adam aýalynyň talagyny berýär, ol aýal hem onuň bilen aýrylyşyp, başga birine barýar. Mundan soň ýaňky adam bu aýaly ikinji gezek alarmy? Beýle etse ýurt bütinleý haram bolmazmy? Sen bolsa, eý, Ysraýyl, köp oýnaşlar bilen zyna etdiň. Indi bir Maňa tarap öwrülersiňmi? Muny Reb aýdýandyr.


«Dolanyň, eý, biwepa perzentler, Men biwepalygyňyza şypa bererin». Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris, çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!»


Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».


«Eý, Ysraýyl! Eger dolanmak isleseň, Maňa tarap dolan. Eger azaşmasaň, ýigrenji butlaryňy huzurymdan aýyrsaň, hakykatda, adyllykda we dogrulykda „Diri Rebden ant içýärin!“ diýseň, onda milletler Rebden pata alarlar, Onuň bilen magtanarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Näme Men erbet adamyň ölümini oňlaýarynmy? Men onuň erbet ýollaryndan toba edip, diri galmagyny islemeýärinmi näme? Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin.


Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar. Barybir Ony gözlemeýärler.


Ysraýyl gyzy ýykyldy, indi ol hiç haçan galmaz, öz topragynda süýnüp ýatyr, hiç kim oňa ýardam bermez.


Eý, duşmanym, heşelle kakma halyma, ýykylsam-da, galaryn. Garaňkylykda otursam-da, Reb maňa nur bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ