Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 8:3 - Mukaddes Kitap

3 Bu pis kowumdan aman galanlaryň hemmesi dargadan ýerlerimde ýaşaýşy däl-de, ölümi saýlar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Бу пис ковумдан аман галанларың хеммеси даргадан ерлеримде яшайшы дәл-де, өлүми сайлар». Муны Хөкмүрован Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 8:3
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.


Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler.


Muňa derek: ‘Ysraýyl halkynyň tohum-tijini demirgazyk ýurdundan we dargadan ýurtlaryndan çykaryp getiren Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýiljek günler geler. Olar öz ýurtlarynda ýaşarlar“».


Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin.


Ol bize ýesirligiň uzaga çekjekdigi, öýler gurup, olarda ýaşamagymyzy, baglar ekip, olaryň miwesini iýmegimizi aýdyp, bu ýere – Babyla habar ýollady ahyryn’“».


Ýahudalaryň ählisi dargadylan ýerlerinden yzlaryna dolandylar. Olar Ýahuda ýurduna, Mispada ýaşaýan Gedalýanyň ýanyna geldiler. Gaty köp miwe ýygnap, bolelin şerap öndürdiler.


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz Meniň Iýerusalim bilen tutuş Ýahuda şäherleriniň başyndan inderen betbagtçylyklarymy gördüňiz. Siziň özüňiz, ol şäherliler we ata-babalaryňyz tanamaýan başga hudaýlaryňyza ýakymly ysly tütetgi ýakmaga, olara gulluk etmäge gidip, Meniň gaharymy getirdiňiz. Şol sebäpli, ine, bu gün şäherler weýran boldy we ilatsyz galdy“.


Munuň üçin gahar-gazabym dökülip, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde lowlady; olar edil bu günküsi ýaly weýran we haraba bolup ýatyrlar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Üzümiň soňky salkymynyň ýygnalyşy ýaly, Ysraýylyň aman galanlary hem soňkusyna çenli ýygnalar. Şonuň üçin üzüm ýygýançy deý eliňi soňky gezek şaha uzat».


Ýa Reb, Sende adalat bar, emma biz bu günki gün hem ýüzügaradyrys! Bu ýahuda halkyna, Iýerusalimiň ilatyna, Saňa garşy eden dönükligi sebäpli ähli ýurtlara dargadan halkyňa, ýakynu-uzakda bolan bütin ysraýyllara degişlidir.


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:


Indi bolsa, Ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr».


Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men bu halka garşy bela taýynlaýaryn, ondan boýun gaçyryp bilmersiňiz. Başyňyzy dik tutup gezmersiňiz, çünki bu pis zamana bolar.


Men siziň öňüňizde alkyşlar we näletler goýdum. Olar siziň başyňyza düşende, siz Hudaýyňyz Rebbiň sizi dargadyp goýberen milletleriniň arasyndakaňyz, bu ýalkanyşlary we näletleri ýadyňyza salsaňyz


Hatda siz dünýäniň ol çetine sürgün edilen hem bolsaňyz, Hudaýyňyz Reb sizi ol ýerden ýygnap, yzyňyza getirer.


Olar daglara we gaýalara ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Biziň üstümize ýykylyň! Bizi tagtda Oturanyň ýüzünden, Guzynyň gazabyndan gizläň!


Adamlar şol günlerde ölümi agtararlar, ýöne ony tapmazlar. Ölümi küýsärler, ýöne ölüm olardan gaçar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ