Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 8:19 - Mukaddes Kitap

19 Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Ине, эзиз халкымың перяды ериң аңры уҗундан эшидилйәр: «Реб Сионда дәлмидир? Онуң Патышасы ол ерде дәлми?» «Нәме үчин олар өзлериниң йигренҗи затлары, өзге неҗисликлери билен гахарымы гетирдилер?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 8:19
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň topragyny miras hökmünde beren Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin, ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.


Ol ne bedewiň güýjünden wagtyhoş bolýar, ne-de urşujynyň aýagyndan keýpi çag bolýar.


Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin!


Munuň üçin sadyklaryň her biri günäsini aňlan wagty Saňa etsin dogany. Şonda, muňa ýokdur hiç şübhe: oňa ýetmez köp suwlaryň joşmagy.


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb.


Reb biziň kazymyzdyr, biziň kanun çykaryjymyzdyr, Reb patyşamyzdyr, Ol bizi halas eder.


Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurt Babyldan geldiler» diýip jogap berdi.


Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla.


Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar.


Ýahudany bütinleý ret etdiňmi? Siony ýürekden ýigrenýärsiňmi? Näme üçin şypa tapmaz ýaly, bizi beýle ýaraladyň? Biz parahatlyk gözledik, emma haýyr tapmadyk. Şypa wagtyna garaşdyk, emma howp abanýar.


Neçün Sen çaşan adam ýaly, halas etmäge güýji ýetmeýän batyr söweşiji ýaly bolýaň? Emma Sen biziň aramyzdasyň, biz Seniň adyň bilen çagyryldyk, bizi terk etme, ýa Reb!


Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular.


Olar size ýalandan pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi ýurduňyzdan aýryp, sürgün ederin we siz heläk bolarsyňyz.


Gözegçileriň Efraýym daglarynda: „Turuň, Hudaýymyz Rebbiň ýanyna, Siona çykalyň“ – diýip gygyrjak günleri geler».


Çünki ysraýyl we ýahuda halklary ýaşlygyndan bäri Meniň nazarymda diňe erbet işleri etdiler. Ysraýyl halky elleriniň işi bilen hemişe Meniň gaharymy getirdi. Muny Reb aýdýandyr.


Olar Meni ynjadýarlarmy? Ýok, özlerini ynjadyp, utanja galýarlar. Muny Men-Reb aýdýandyryn.


Halk: «Orak döwri ötdi, tomus gutardy, emma biz halas bolmadyk» diýýär.


Men olary özleriniň hem, ata-babalarynyň hem tanamadyk milletiniň arasyna pytradaryn. Olary ýok edýänçäm, yzlaryna gylyç salaryn».


Şäheriň tutuş töweregi on sekiz müň tirsek bolar. Şol günden başlap, şäheriň ady «Reb ol ýerdedir» bolar.


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar».


Men alaryn ganlarynyň hununy hem-de aklamaryn günäni, çünki Reb Sionda mesgen tutýandyr».


Ýöne Sion dagynda jezadan halas galanlar bolar we Sion dagy mukaddes bolar. Ýakubyň nesli öz mülküne gowşar.


Indi näme üçin möňňürip aglaýaň? Dogurýan aýal ýaly nämä ah çekýäň? Patyşaň ýoklugy üçinmi? Geňeşdaryň heläk bolany üçinmi?


Reb siziň garşyňyza jezany ýatyrdy, duşmanlaryňyzy kowdy. Ysraýyl patyşasy Reb siziň araňyzda, mundan beýläk betbagtçylykdan gorkmarsyňyz.


Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.


Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.


«Efesdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ýedi ýyldyzy sag elinde Saklaýan, ýedi altyn çyradanyň arasynda Gezýän şeýle diýýär:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ