Pygamberler hakynda: Ýüregim içimde syndy, ähli süňklerim sandyraýar. Reb sebäpli, Onuň mukaddes sözleri sebäpli men serhoş adam kimin, şerabyň ýesiri kimin boldum.
Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.