Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 8:16 - Mukaddes Kitap

16 Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär, bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär. Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary, şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Душман атларының хоррулдысы Дандан эшидилйәр, бедевлериниң кишңемесинден тутуш ер йүзи титрейәр. Олар бу юрды, онуң ичиндәки әхли затлары, шәхери хем онда яшаянлары ёк этмәге гелдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 8:16
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senmi ony çekirtge kimin bökdürýän? Kişňände, aýylgançdyr onuň sesi.


Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.


Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.


Ýaşlygymyzdan bäri ata-babalarymyzyň bar zähmetini, olaryň sygyrdyr goýun sürülerini, oguldyr gyzlaryny bihaýa butlar ýuwudyp-ýalmap gelýärler.


Emma seni iýenleriň ählisi iýler, ähli duşmanlaryň sürgün ediler, seni talanlar talanarlar, olja alanlar olja bolarlar.


Reb şeýle diýýär: «Siz: „Biz sag-salamatlyk däl-de, howp hem howsala sesini eşitdik“ diýýäňiz.


Daglara seretdim, olar titreýärdi, ähli depeler ikiýana yraň atýardy.


Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.


Daýaw atlaryň toýnak sesinden, söweş arabalarynyň takyrdysyndan, tigirleriniň seslerinden ýaňa elleri tapdan düşen atalar öwrülip, çagalaryna ýardam bermezler.


Olar siziň hasylyňyzy we iýmitiňizi, ogul-gyzlaryňyzy ýuwudyp-ýalmarlar. Goýunlaryňyzdyr sygyrlaryňyzy, üzümleriňizdir injirleriňizi iýerler. Siziň bil baglaýan berk galalaryňyzy gylyç bilen weýran ederler.


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy!


Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar.


Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri-de rehimsiz hem zalymdyrlar. Sesleri deňiz ýaly güwwüldeýär. Eý, Sion gyzy! Olar atlara atlanyp, bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdular».


Gamçy sesi, araba tigirleriniň takyrdysy, çapýan atlaryňdyr söweş arabalarynyň tapyrdysy!


Seni görüp, daglar titreşdi, siller joşdy, çuňluklar seslenip, tolkunlar möwç urdy.


Emma kimdir biri size: «Bu butlara gurbanlyk berlen etdir» diýse, bu et barada duýduran adamyň we ynsabyň hatyrasyna ony iýmäň.


Olar Ýakubyň ogly Danyň hatyrasyna ol gala Dan diýen at berdiler; galanyň öňki ady Laýyşdy.


Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ