Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 8:14 - Mukaddes Kitap

14 Näme üçin biz entek hem bu ýerde otyrys? Geliň, üýşüp, berk galalara çozalyň-da, ol ýerde heläk bolalyň. Rebbe garşy günä edendigimiz üçin, Hudaýymyz Reb zäherli suw berip, bizi ölüme sezewar etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Нәме үчин биз энтек хем бу ерде отырыс? Гелиң, үйшүп, берк галалара чозалың-да, ол ерде хеләк болалың. Реббе гаршы гүнә эдендигимиз үчин, Худайымыз Реб зәхерли сув берип, бизи өлүме сезевар этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 8:14
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Abyşaýa: «Indi Bikri ogly Şeba bize Abşalomdanam köp zyýan berer. Öz jenabyňyň gullaryny al-da, onuň yzyndan kow, ýogsam, ol özüne berk galalar tapar-da, bizden sypar» diýdi.


Men intizar bolup, Rebbe garaşdym, Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi;


«Eý, Babyl gyzy, ümsüm otur, tümlüge git! Saňa „patyşalyklaryň melikesi“ diýilmez indi.


Ýa Reb, biz öz pisligimizi, ata-babalarymyzyň ýazygyny boýun alýarys. Çünki biz Saňa garşy günä etdik.


Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de, Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb! Biziň dönükligimiz çökderdir juda, çünki biz Saňa garşy etdik günä.


Şonuň üçin pygamberler hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olara ajy ýowşan iýdirjek, zäherli suw içirjek. Çünki Iýerusalim pygamberleriniň hudaýsyzlygy tutuş ýurda ýaýrady“.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Emma Babyl patyşasy Nebukadnesar bu ýurda hüjüm edende, biz: „Geliň, babyllylaryň we siriýalylaryň goşunyndan gaçyp, Iýerusalime gideliň“ diýdik. Şonuň üçin hem biz Iýerusalimde ýaşap ýörüs».


Gaýtam, kesirlik bilen niýetlerini ýamana düwüp, ata-babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butunyň yzyna eýerdiler».


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men bu halka ajy ýowşan iýdirerin, zäherli suw içirerin.


Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam, ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr!


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Olaryň biriniň garyndaşy öz kömekçisi bilen hossarynyň jesedini öýden daşary çykaryp ýakmak üçin geler. Ol kömekçisinden: «Başga-da jeset barmy?» diýip soranda, «Ýok» diýip jogap berer. Onsoň garyndaşy: «Sem bol! Rebbiň ady agzalmasyn» diýer.


Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!


Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.


Şonda Oňa içirjek bolup, öt garylan şerap berdiler, emma Isa dadanyndan soň, ony içmekden ýüz öwürdi.


Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýymyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr.


Duşmanyň üzüm çybygy Sodom çybygyndan, Gomora baglaryndandyr. Üzümleri zäher-zakgun, salkymlary ajydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ