Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 8:13 - Mukaddes Kitap

13 Olaň hasylyny wes-weýran ederin, üzüm şahalary-da, injir agajy-da miwe bermez, hatda ýapraklary-da gurar. Olara näme beren bolsam, ellerinden alnar». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Олаң хасылыны вес-вейран эдерин, үзүм шахалары-да, инҗир агаҗы-да миве бермез, хатда япраклары-да гурар. Олара нәме берен болсам, эллеринден алнар». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 8:13
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üzümçiligiň on tanap ýeri bir meşik şerap berer, on batman tohum diňe bir batman hasyl berer».


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


Şonuň üçin hem bu pygamberler barada Reb şeýle diýýär: «Men ýollamasam hem Meniň adymdan pygamberlik edip, „Bu ýurda gylyç we açlyk gelmez“ diýýärler. Emma bu pygamberleriň özleri gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar.


Ol suwuň ýakasynda oturdylan agaç kimindir, çeşmäniň boýunda köküni ýaýradar. Yssydan gorkýan däldir, ýapragy hemişe ýaşyldyr. Ýyl gurak gelende hem gaýga batmaz, miwe bermekden asla galmaz».


Olar siziň hasylyňyzy we iýmitiňizi, ogul-gyzlaryňyzy ýuwudyp-ýalmarlar. Goýunlaryňyzdyr sygyrlaryňyzy, üzümleriňizdir injirleriňizi iýerler. Siziň bil baglaýan berk galalaryňyzy gylyç bilen weýran ederler.


Munuň üçin Men – Hökmürowan Reb şeýle diýýärin: „Ine, Men gahar-gazabymy bu ýeriň, ynsandyr haýwanlaryň, meýdandaky agaçlaryň, topragyň hasylynyň üstüne dökerin. Ol ot bolup tutaşar we söndürilmez“.


Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar.


Ol weýran etdi üzüm şahalarymy, çapym-çapym etdi injir agaçlarymy, şahalarynyň gabygyny sypyryp, ýere taşlady; üzüm şahalary-da agaryp galdy.


Siz güýjüňizi biderek sarp edersiňiz, ýeriňiz hasyl, agaçlaryňyz miwe bermez.


Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da,


Şeýle hem Men ýurda we onuň daglaryna, galla meýdanlaryna, üzümçiliklerine, zeýtun baglaryna, ýerden önýän ähli önümlere, ynsandyr haýwanlaryň üstüne, çekýän ähli zähmetiňiziň üstüne gurakçylyk jezasyny inderdim».


Men el zähmetiňiz bilen öndürýän ähli önümleriňiziň üstünden epgek öwüsdirip, heň we doly bilen harapladym. Emma siz şonda-da Maňa tarap öwrülmediňiz. Muny Reb aýdýandyr.


Men siziň üçin topragyňyzdaky hasyly weýran etmegi çekirtgelere gadagan ederin. Meýdandaky üzüm agaçlaryňyz hasylsyz galmaz, Hökmürowan Reb diýýär.


Ýoluň gyrasynda bir injir agajyny görüp, onuň ýanyna geldi, emma onda ýaprakdan başga hiç zat tapmady. Isa agaja: «Mundan beýläk sende asla miwe bitmesin!» diýdi. Injir agajy şol pursadyň özünde gurady.


Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ