Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 8:12 - Mukaddes Kitap

12 Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Неҗис ишлери эденлеринде утандылармы? Ёк, асла утанмадылар. Йүз гызарманың нәмедигини хем билмедилер. Шонуң үчин хем олар-да хеләк болуп, йыкыланларың арасына йыкыларлар, җезаландыранымда ер билен егсан боларлар. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 8:12
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ertesi gün ýene gyzlaryň ulusy öz doganyna: «Men öten agşam kakam bilen ýatdym. Gel, bu gije-de ony serhoş edeli; sen hem onuň bilen ýat. Şeýdip, biz öz kakamyzyň üsti bilen perzentli bolarys» diýdi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Maskil. Dawudyň mezmury.


Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.


Halkyň-da, ruhanyň-da, guluň-da, hojaýynyň-da, gyrnagyň-da, bikäniň-de, satyn alýanyň-da, satýanyň-da, bergidaryň-da, algydaryň-da, karzdaryň-da, karz bereniň-de takdyry birdir.


Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar.


Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar.


Şonuň üçin hem bu pygamberler barada Reb şeýle diýýär: «Men ýollamasam hem Meniň adymdan pygamberlik edip, „Bu ýurda gylyç we açlyk gelmez“ diýýärler. Emma bu pygamberleriň özleri gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar.


Munuň üçin ýöreýän ýollary olara garaňkydaky sürçek ýer kimin bolar, ol ýerde büdräp ýykylarlar. Çünki jeza ýyly olaryň başyna bela getirerin. Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi, ýaz ýagşy ýagmady. Sen bihaýa lola meňzediň, utanjyň nämedigini bilmediň.


Olar bu güne çenli toba etmediler, gorkmadylar, siziň we ata-babalaryňyzyň öňünde goýan kanunlaryma we parzlaryma eýermediler“.


Olar özlerini bihaýa alyp baryp, nejis işler etdiler, emma muňa utanmadylar. Utanyp gyzarmagyň nämedigini bilmediler. Şonuň üçin olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda, ýer bilen ýegsan bolarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: «Ine, Men bu halkyň öňüne büdreme daşyny goýaryn, ata-eneler çagalary bilen büdräp ýykylar, goňşusy dosty bilen birlikde heläk bolar».


Oholyba zynagärligini we ýalaňaçlygyny açyk paş edende, onuň uýasyny ýigrenişim ýaly, kalbym ony-da ýigrendi.


Efraýym jeza gününde çöle öwrüler. Ysraýyl tireleriniň arasynda Men muny takyk bildirerin.


Iýerusalimiň içinde bolan Reb dogruçyldyr, Ol hiç haçan adalatsyzlyk etmez. Her gün ir säher bilen adalatly garaýar Ol Öz halkyna, Emma pis kişi pisligini edip, utanmany bilmeýär.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ