Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:4 - Mukaddes Kitap

4 ‘Bu Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy bu ýerde!’ diýen sözlere bil baglamaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 ‘Бу Реббиң ыбадатханасы! Реббиң ыбадатханасы! Реббиң ыбадатханасы бу ерде!’ диен сөзлере бил багламаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:4
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özlerini mukaddes şäherden diýip, Ysraýyl Hudaýyna daýanýarlar olar; Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!


Onsoň Ýermeýa pygamber Hananýa pygambere şeýle diýdi: «Eý, Hananýa, indi eşit! Seni Reb ýollamady, emma sen bu halky ýalan geplere ynandyrdyň.


Olar Ysraýylda ýaramaz işlere baş goşdular, goňşularynyň aýallary bilen zyna etdiler, özlerine buýurmasam hem Meniň adymdan ýalan sözleri aýtdylar. Bilýän hem güwä geçýän Mendirin“. Muny Reb aýdýandyr».


«Ähli sürgündäkilere habar ýollap, Reb nehelamly Şemagýa hakda şeýle diýýär diý: „Men ony ýollamadyk hem bolsam, Şemagýa size pygamberlik edip, ýalana bil bagladýar“.


Sag-salamatlyk bolmasa hem „sag-salamatlyk, sag-salamatlyk“ diýip, halkymyň ýarasyny ýüzleý bejerdiler.


Munuň üçin Meniň adym dakylan, siziň bil baglan bu öýüňizi – size we ata-babalaryňyza beren bu ýerimi Şilony nähili ýok eden bolsam, şeýle ederin.


Bir gysym arpa we bir döwüm çörek üçin halkymyň arasynda Maňa ysnat getirdiňiz. Ýalana gulak asýan halkyma ýalan sözlemek bilen ölüme laýyk däl janlary öldürdiňiz, ölüme laýyk janlara bolsa ýaşajakdyklaryny yglan etdiňiz“.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Garşyma eden ähli pis işleri üçin, şol gün halkym utandyrylmaz. Çünki Men özüne buýsanyp, men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn. Siz mukaddes dagymda mundan beýläk tekepbirlik etmersiňiz.


Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip aýtmagy hyýalyňyza hem getirmäň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ