Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:34 - Mukaddes Kitap

34 Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Юрдуң харабачылыга өврүлендиги үчин, Яхуданың шәхерлеринде, Иерусалимиң көчелеринде шатлыкдыр гүлки сесини, йигит билен гелниң той сесини кесерин“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:34
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Goý, ol önelgesiz gije bolsun, onda şatlykly owaz eşidilmesin!


Ýurduňyz harabalyk, şäherleriňiz oda ýanan; kesekiler gözüňiziň alnynda ýurduňyzy ýalmaýarlar, ony haraba öwürýärler.


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siziň günleriňizde gözüňiziň alnynda bu ýerden şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“.


Çünki Ýahuda patyşasynyň köşgi barada Reb şeýle diýýär: „Sen gözüme gözel Gilgat tokaýy deý, Liwan agaçlaryna bürenen dag deý bolsaň-da, Men seni hökman çöllüge, ilatsyz şähere öwrerin.


Şatlykdyr gülki sesini, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesini, degirmen daşlarynyň sesini we çyranyň yşygyny olardan aýraryn.


Olary diňlemäň, Babyl patyşasyna gulluk edip, diri galyň. Bu şäher näme üçin weýran bolsun?


Reb şeýle diýýär: „Siz bu şäher weýran bolup, ynsansyz we haýwansyz çöl bolar diýdiňiz. Emma ilaty galman, ynsansyz we haýwansyz çolaran Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde ýene-de


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


Seretdim, ine, Rebbiň huzuryndan, Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa hasylly toprak çöle dönüpdir, ähli şäherler weýran bolupdyr.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Tutuş ýurt haraba döner, ýöne Men onuň bütinleý soňuna çykmaryn.


Munuň üçin gahar-gazabym dökülip, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde lowlady; olar edil bu günküsi ýaly weýran we haraba bolup ýatyrlar.


Garrylar şäher derwezesinde oturmaýarlar, ýaş ýigitler saz gurallaryny çalmaýarlar.


Men seniň aýdymlaryňyň sesini keserin, liralaryňyň sesi gaýdyp eşidilmez.


Zulum güýjäp, heläkçilik taýagyna öwrüldi. Olardan hiç zat galmaz, olaryň bolçulygyndan, baýlygyndan zat galmaz, aralarynda şan-şöhratlylyk bolmaz.


Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny, Täze Aý baýramyny we Sabat gününi, ähli dabaralaryny tamam ederin.


Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin, ony jezalandyraryn. Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp, oýnaşynyň yzyndan kowalady. Meni bolsa unutdy». Muny Reb aýdýandyr.


Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.


Emma ilatlaryň etmişleri sebäpli, weýran bolar ýer ýüzi.


Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ