Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:33 - Mukaddes Kitap

33 Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Бу халкың җесетлери гушлара ве йыртыҗы хайванлара шам болар, олары хич ким ковмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:33
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hemmesi daglardaky ýyrtyjy guşlara, ýerdäki wagşy haýwanlara galdyrylar. Olar tomsuna ýyrtyjy guşlara, gyşyna wagşy haýwanlara şam bolarlar.


Mirasym nazarymda gyrgy deý boldumy? Her tarapdan wagşy guşlar üstüne çozdy. Gidiň-de, ähli ýabany haýwanlary toplaň, goý, olar mirasymy ýuwudyp-ýalmasynlar.


Olaryň pygamberlik eden halky-da açlyk we gylyç sebäpli Iýerusalimiň köçelerine taşlanar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul-gyzlaryny jaýlan bolmaz. Çünki eden pisliklerini Men olaryň öz başlaryndan indererin.


«Olaryň başyndan dört hili betbagtlyk indererin: öldürmek üçin – gylyjy, düýt-müýt etmek üçin – itleri, iýip ýok etmek üçin – wagşy guşlar bilen ýyrtyjy haýwanlary ibererin. Muny Reb aýdýandyr.


Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin.


Maslygyny süýräp, Iýerusalim derwezesinden çykaryp zyňarlar, eşek gömen ýaly edip gömerler“.


Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter. Olar üçin ýas tutulmaz, ýygnalyp jaýlanylmaz. Olar zir-zibil ýaly çaşyp ýatarlar.


janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Olaryň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Köçelerden çagalary, meýdançalardan ýaş ýigitleri gyryp taşlamak üçin, ölüm penjirelerimize dyrmaşyp, galalarymyza girdi.


Reb şeýle aýdýar diý: «Ynsan jesetleri ekin meýdanyna sepilen ders deý, orakçynyň yzyndaky desseler deý topraga serler. Olary hiç kim ýygnamaz».


Seniň özüňi we derýalaryňdaky ähli balyklary çöle taşlaryn. Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, ol ýerden ýygnalmarsyň we hiç kim saňa eýe çykmaz. Men seni ýabany haýwanlara we ýyrtyjy guşlara şam ederin.


Sen ähli goşunlaryň we ýanyňdaky halklar bilen birlikde Ysraýyl dagynyň üstünde heläk bolarsyň. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara iýmit edip bererin.


Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz.


Reb siziň öňüňizden halklary ýok edişi ýaly, sizi hem heläk eder. Çünki siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asmadyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ