Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:32 - Mukaddes Kitap

32 Şonuň üçin hem şeýle günler geler, muny Reb aýdýandyr, ol ýere Topet ýa-da Benhinnom deresi diýilmän, Ölüm jülgesi diýler. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Шонуң үчин хем шейле гүнлер гелер, муны Реб айдяндыр, ол ере Топет я-да Бенхинном дереси дийилмән, Өлүм җүлгеси дийлер. Топетде өлүлери җайламак үчин ер галмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:32
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi ýaly, ony täzeden bejerip bolmaýşy ýaly, Men hem bu halky we şäheri şeýdip döwerin. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz.


Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».


Küýze döwügi diýen derwezäniň golaýyndaky Benhinnom deresine git. Saňa aýtjak sözlerimi şol ýerde yglan et.


Şonuň üçin hem indi ol ýere ‘Topet’ ýa-da ‘Benhinnom deresi’ diýilmän, ‘Ölüm jülgesi’ diýiljek günler geler. Muny Reb aýdýandyr.


Jesetler we küller taşlanan jülgeleriň hemmesi, Kidron deresine çenli bolan ähli ýerler, gündogardaky At derwezesiniň çetine çenli Maňa mukaddes bolar. Şäher indi ýerinden sökülmez, indi hiç haçan ýykylmaz».


Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi.


Gurbanlyk sypalaryňyz weýran bolar, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyz kül-peýekun ediler; gylyçdan geçirilenleriňizi butlaryňyzyň öňüne taşlaryn.


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ