Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:31 - Mukaddes Kitap

31 Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Огул-гызларыны ода якып, гурбанлык этмек үчин, Бенхинном дересинде Топет сеждегәхлерини гурдулар. Бейле иши Мен олара буюрмадым, бейтмек келләме-де гелмеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:31
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler.


Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi.


Ýoşyýa patyşa ol ýerdäki ähli seždegähleriň ruhanylaryny gurbanlyk sypalarynyň üstünde öldürip, gurbanlyk sypalarynyň üstünde adam süňklerini ýakdy. Şondan soň Ýoşyýa Iýerusalime dolanyp geldi.


Ahaz Benhinnom deresinde ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogullaryny otdan geçirdi.


Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?


Küýze döwügi diýen derwezäniň golaýyndaky Benhinnom deresine git. Saňa aýtjak sözlerimi şol ýerde yglan et.


Sen nädip: ‘Men haram däl. Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň? Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör! Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň.


Meniň adym dakylan öýde öz nejis zatlaryny goýup, öýümi murdar etdiler.


Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.


Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy!


Olary özleriniň getiren gurbanlyklary bilen harama çykardym, ilkinji doglan çagany ot üsti bilen gurban etmäge ýol berdim. Şeýdip, Men olara howp saldym we Özümiň Rebdigimi bilsinler diýdim».


Siz bu güne çenli ogullaryňyzy otda gurbanlyk hökmünde hödür edip, ähli butlaryňyz bilen özüňizi haram edýärsiňiz. Şundan soň, eý, ysraýyl halky, Men size Özüme maslahat saldyrarynmy? Öz barlygymdan ant içýärin, – Hökmürowan Reb diýýär – Men size maslahat bermerin.


Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.


Reb müňlerçe goçdan, On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy? Ýazygym üçin nowbahar oglumy bereýinmi? Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi?


Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar.


Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň.


Bu ýerden araçäk ýabuslaryň galasy Iýerusalimde ýerleşýän düzlügiň günortasyndaky Benhinnom deresinden ýokary galýar. Soňra ol Benhinnom deresiniň günbatarynyň garşysyndaky daglaryň depesine çenli galyp, demirgazykdaky Rapa jülgesiniň ahyryna çenli barýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ