Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:30 - Mukaddes Kitap

30 Ýahuda halky Meniň nazarymda erbet işleri etdi, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olar Meniň adym dakylan öýde nejis zatlaryny goýup, ony murdar etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Яхуда халкы Мениң назарымда эрбет ишлери этди, муны Мен – Реб айдяндырын. Олар Мениң адым дакылан өйде неҗис затларыны гоюп, оны мурдар этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:30
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.


Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.


Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Rebbiň öýünde goýdy. Bu öý Rebbiň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.


Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşanyň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül-peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron deresine taşlady.


Manaşa keseki taňrylary we öz goýan oýma butuny Rebbiň öýünden aýyrdy, Rebbiň öýüniň dagyndaky we Iýerusalimdäki ähli gurbanlyk sypalaryny ýumrup, olaryň hemmesini şäheriň daşyna taşlady.


Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýykan seždegählerini täzeden dikeltdi. Ol Bagal buty üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.


Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.


Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».


Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».


«Pygamber-de, ruhany-da hudaýsyzdyr, olaryň pisligini hatda Öz öýümde-de gördüm. Muny Reb aýdýandyr.


Meniň adym dakylan öýde öz nejis zatlaryny goýup, öýümi murdar etdiler.


Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.


Olar Meniň öýümiň şaý-sepleriniň gözelligi bilen özlerini gopbamsy tutdular we olardan nejis butlary we ýigrenji zatlary ýasadylar. Şonuň üçin hem Men bu şaý-sepleri olar üçin murdar zada öwürdim.


Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy.


Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler.


Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ