Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 7:3 - Mukaddes Kitap

3 Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýollaryňyzy hem işleriňizi düzediň, şonda Men sizi bu ýerde ýaşadaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ысрайылың Худайы, Хөкмүрован Реб шейле диййәр: „Ёлларыңызы хем ишлериңизи дүзедиң, шонда Мен сизи бу ерде яшадарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 7:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň».


Indi bolsa ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öňünde günäleriňizi boýun alyp, onuň erk-isleglerini ýerine ýetiriň. Özüňizi bu ýeriň halklaryndan we keseki halklardan alan aýallaryňyzdan aýry tutuň» diýdi.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar öz emeldarlary bilen söweş arabalaryna, atlara münüp, ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty bilen birlikde bu şäheriň derwezelerinden girerler. Bu şäher ebedi ilatly bolar.


Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“.


emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin.


Indi ýollaryňyzy we işleriňizi düzediň, Hudaýyňyz Rebbe gulak asyň. Şonda Reb-de siziň garşyňyza aýdan betbagtçylygyny goýbolsun eder.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz.


Rekabyň ogly Ýonadabyň nesilleri öz ata-babalarynyň beren tabşyrygyny berjaý etdiler, emma bu halk Meni diňlemedi“.


«Eý, Ysraýyl! Eger dolanmak isleseň, Maňa tarap dolan. Eger azaşmasaň, ýigrenji butlaryňy huzurymdan aýyrsaň, hakykatda, adyllykda we dogrulykda „Diri Rebden ant içýärin!“ diýseň, onda milletler Rebden pata alarlar, Onuň bilen magtanarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.


Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ